Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler
02 Iýul 2025

Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler

Nowosibirskli rus alymlary buýan kökünden tapylan madda - glisirin turşusyna esaslanýan birleşmäni işläp düzdüler we patentlediler. Ol çiş öýjüklerinde antibiotik doksorubisiniň ýygnanmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesinde köp sanly dermana durnuklylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler diýip, TASS habar berýär.


Köp onkologik kesellerde köp sanly dermana durnuklylyk himiýa bejergisiniň netijeliligini peseldýär. Munuň sebäplerinden biri dermanlaryň öýjüklere aralaşmagyny we olaryň bedenden çykarylyşyny peseldýän P-glikoprotein belogynyň işjeňligi hasaplanýar.


Birleşme öýjügiň ösdürilişinde synag edildi.


"Teklip edilýän birleşme çiş öýjükleriniň doksorubisiniň hereketine duýgurlygyny ýokarlandyrýar we P-glikoproteiniň nasos funksiýasynyň öňüni almak netijesinde öýjükde ýygnanma derejesini ýokarlandyrýar. Ol kliniki lukmançylykda ulanylýan dermanlary işläp taýýarlamakda ulanylyp bilner" diýip, resminamada aýdylýar.


Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesi, köplenç, 16-njy we 18-nji tipli papilloma wirus görnüşlerinden döreýän zyýanly çişdir. Bejergi himiýa bejergisini, şöhle we target  bejergini hem-de hirurgik operasiýany öz içine alýar.


Çeşme:
banner
banner
banner