Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry başlandy
Şu gün Aşgabatda mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Gökderedäki, şeýle hem welaýat merkezlerindäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Paýtagtdan we ýurduň welaýatlaryndan mekdep okuwçylary ajaýyp sazlaryň owazy astynda bezelen awtobuslaryň kerweni bilen dynç alyş merkezlerine bardylar. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde şu ýylky möwsüm üçin ýokary taýýarlyk işleri geçirildi.
Gökderede we welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleri dynç alýan çagalaryň birinji tapgyryny kabul etdi. Çagalar doly derejede dynç almak üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleriniň binalaryna ýerleşdiler. Olarda ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş otaglary, kitaphanalar bar. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk gördüler. Olar ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Bilelikdäki tagallalar esasynda dynç alyş merkezlerinde her ýyl tomus möwsüminde dürli ýaşly çagalara niýetlenen köp sanly bäsleşikler, sungat ýoluna ýaňy gadam basan artistleriň we çagalar çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet hem-de halkara derejedäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlary, spartakiadalar, sahna çykyşlary, edebi okaýyşlar guralýar.


