Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara täze welosipedler sowgat edildi
Şu gün Aşgabadyň Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde dag etegindäki Gökderäniň «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän ýaşlara türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu waka ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.
«Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Täze welosipedleri aýratyn buýsanç duýgulary bilen kabul eden çagalar atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdara çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.


