04 Mart 2026
Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýini hatyralamak üçin gynanç kitaby açyldy
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynda, şeýle hem Medeniýet merkezinde Eýran Yslam rewolýusiýasynyň beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýini hatyralamak üçin gynanç kitaby açyldy.
Ilçihanadaky gynanç kitaby şu gün sagat 18:00-a çenli gynanç bildirmeklige gelmek üçin açyk bolar.
Medeniýet merkezinde gynanç kitaby 10–15 günüň dowamynda açyk bolar.
Çeşme:TURKMENPORTAL


