Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada gazak Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda belledi.
THD-de habar berlişi ýaly, dostlukly ýurduň Lideri Gazagystanda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ykdysady ulgamda we halkara giňişlikde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyny, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle-de ol Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde döwletiň BMG bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.


