25 Noýabr 2025
Germaniýaly neýrohirurg lukman Arkadag şäherinde saparda bolýar
Şu günler türkmen-german hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gamburg şäheriniň Gambrug-Eppendorf klinikasynyň direktory, neýrohirurg lukmany, professor Westfal Manfred Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda iş saparynda bolup, ýerli lukmanlar bilen bilelikde, anyklaýyş we hirurgiki bejergileri geçirmeklik ugrunda tejribe alyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, tejribe alyşmagyň çäklerinde lukmanlar çagalarda we uly adamlarda ýokary derejeli ýöriteleşdirilen döwrebap anyklaýyş amallary, operatiw bejergileri ýerine ýetirdiler.


