Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hereketde
04 Iýul 2024

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hereketde

Ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan, adamyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda yzygiderli tutumly işler amala aşyrylýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary, ýokary tehnologiýalary bilen üpjün edilen, häzirki zaman saglyk merkezlerinde, halkymyzyň saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin, ähli mümkinçilikler döredilen.


Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli aladalar edilýär hem-de bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.


2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şu güne çenli gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çäginde ençeme haýyr-sahawat we ynsanperwer işleri ýerine ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden, şu güne çenli haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar.


Bu gaznanyň alyp barýan işleriniň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň tomus aýlarynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolan wagtynda, etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine tiz kömek awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda, halkymyzyň hyzmatynda. Şeýle hem Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Sawina» kysymly emeli dem alyş enjamynyň sowgat berilmegi welaýatyň saglygy goraýyş müdirliginiň maddy-tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine daýanç-hereket ulgamynda ortopediki hirurgiki operasiýalary Pemberton usuly boýunça geçirmek üçin hirurgiki enjamlaryň toplumy sowgat edildi.


Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat Köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlarynyň sowgat berilmegi ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň bedeninden daşary ganyny arassalamak arkaly näsaglaryň ýaşaýyş hilini gowulandyrmaga hem-de olaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde «Sagdyn ene – sagdyn çaga sagdyn – geljek» atly Milli Strategiýadan ugur alyp, ýurdumyzda çagalara we dürli ýaşly raýatlara ýokary derejeli ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary berilýär we eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaklyga hemme amatly şertler döredilýär.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi

banner
banner
banner