Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa resmi saparynyň netijeleri
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.
Resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Şeýle hem bu sapara gabatlanyp, Parižde guralan Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy.
Saparyň esasy netijesi energetika we sanly tehnologiýalar, bilim we arheologiýa ýaly hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan dokuz sany ikitaraplaýyn resminama gol çekilmegi boldy. Fransuz maýa goýumlaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetine çekmek we durnukly ösüş ugrunda bilelikdäki taslamalary öňe sürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň we Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy. Nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly geljegi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy metan zyňyndylaryny azaltmagy, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, bank ulgamyny, hususy pudagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de fransuz tarapyny 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda halkara derejede geçiriljek çärelere çagyrdy.
Fransiýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parižiň “Orly” Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy. Gahryman Arkadagy ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Bu barada TDH ýazýar.