Halk Maslahatynyň Başlygy Awaza forumynyň degişli lybaslary we şygarlary bilen tanyşdy
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri meýletinçileriň lybaslarynyň häzirki zaman talaplaryna we bu künjegiň tebigy howa şertlerine kybap gelmelidigini aýtdy. Şeýle hem lybaslaryň bezeg serişdeleri, ýazgylary göze gelüwli bolmalydyr.
Şol bir wagtyň özünde olaryň reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde lukmanlar, teleoperatorlar, hyzmat ulgamyna degişli beýleki işgärler üçin niýetlenen lybaslaryň taýýarlanylmagyna hem şu talaplar bildirilýär. Gahryman Arkadag olara birnäçe belliklerini aýdyp, lybaslaryň has-da kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy binanyň daşyna çykyp, halkara maslahatyň geçiriljek günlerinde ýolagçy awtobuslarynda ýerleşdiriljek ýazgylaryň we şygarlaryň görnüşleri bilen hem tanyşdy. Gahryman Arkadag bu ýazgylaryň halkara forumyň ruhuna laýyk gelmelidigini we olarda şanly wakalaryň taryhy ähmiýetiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.