Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Hepdäniň dowamynda howanyň +44 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar
14 Iýul 2025

Hepdäniň dowamynda howanyň +44 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar

Şu hepde Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň +44 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:


Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +26 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +40 gradusdan +41... +43 gradus aralygynda yssy bolar.


Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33... +38 gradus yssy bolar.


Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.


Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.


Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.


Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.


banner
banner
banner