28 Noýabr 2025
Türkmenistan Gazagystanyň, Gyrgyzyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň arasyndaky goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Kanuna gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Resminama laýyklykda:
«2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Astana şäherinde gol çekilen Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamaly».
Çeşme:TURKMENPORTAL


