Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi başlangyç hünär biliminiň gündizki okuwy boýunça 2024/2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär
19 Iýul 2024

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi başlangyç hünär biliminiň gündizki okuwy boýunça 2024/2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

1. Umumy ideg işi boýunça kiçi saglygy goraýyş işgäri.


Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine umumy doly orta bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik, Aşgabat şäherinde ýaşaýan (ýazgyda duran) Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. 


Okuwyň möhleti 1 (bir) ýyl, okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 


Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;


— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);


— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);


— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;


— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;


— 3x4 sm ölçegdäki dokuz sany fotosurat;


— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.


Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:


— pasportyny;


— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;


— aýratynlyklaryna laýyklykda goşmaça resminamalar.


Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.


Giriş synaglary 2024-nji ýylyň 22 — 26-njy awgusty aralygynda lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäherinde) geçiriler.


Giriş synaglary himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden, umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde geçiriler.


Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.


Okuwlar 1-nji sentýabrda başlanýar.


Bellik: okuwyny doly geçip, gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlara, okuwyny tamamlan ýyly başlangyç hünär bilimi hakynda diplomynyň asyl nusgasy berler.


Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 2023-nji (M.Kösäýew) köçesi, 90-njy jaý; tel.: (+993 12) 36-96-73, 36-93-82.


Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi


banner
banner
banner