Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş özgertmeleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesine ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda we taýsyz tagallalarynyň netijesinde 2016-njy ýylyň iýul aýynda açylyp ulanylmaga berilen halkara standartlaryna laýyk gelýän dünýäniň iň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem halkymyza lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän merkezleriniň biridir.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine 2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda hoş habar gelip gowuşdy – ýagny, Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty berildi. Bu bolsa Merkezde geçirilýän barlaghana synag hyzmatlaryň Hil menejmentiniň ulgamynyň TDS ISO 9001 bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.
ISO 9001 – bu dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, müşderileriň talaplaryny ödemäge hem-de özüniň hile ygrarlygyny görkezmäge ýardam edýär. Onuň talaplary hil menejment ulgamyny döretmegiň, işe ornaşdyrmagyň, saklamagyň we yzygiderli kämilleşdirmegiň tertibini kesgitleýär.
ISO 9001 standartynyň işe ornaşdyrylmagy – bu edarada işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, hünärmenleriň öz işlerini ýokary derejede amala aşyrýandygyny we hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini görkezýär. Bu standartynda göz öňünde tutulýan talaplara laýyklykda yzygiderli geçirilýän auditler we barlaglar merkezimize özüniň hil menejment ulgamyny kämileşdirmäge, uzak gelejekde bäsleşige ukyplylygy saklamaga we uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik berýär.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde geçirilýän barlaghana gözegçilik işleriniň kämilleşdirilmegi hem-de halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýadydyr.
Halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde alnyp barylýan işleriň netijesinde referens-barlaghanaly wirusologiýa bölümine 2019-nji ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan dümew boýunça Milli merkez diýen derejesi berildi. 2024-nji ýylyň iýun aýynda bolsa, ykrar edilen milli merkeziň halkara talaplaryna laýyk gelýändigi we berlen derejäni saklaýandygy baradaky habar gelip gowuşdy.
Merkeziň bu bölüminde gyzamyk we gyzylja ýokanç kesellerini anyklamak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan iberilen gözegçilik nusgalyklarynyň barlaghana barlaglary geçirilýär hem-de onuň netijesi barlaghananyň hünärmenleriniň iş başarnygyna bildirilýän talaplarynyň ýokary derejede saklanýandygyny yzygiderli görkezýär we bu barada degişli güwänamalar alynýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmenistanda 2017 – 2025-nji ýyllar döwür üçin mikroblara garşy dermanlara durnuklylygynyň döremegine garşy hereketleriň milli strategiýasyny» ýerine ýetirmek we mikroblara garşy dermanlaryň durnuklylygynyň döremeginiň epidemiologiki gözegçiligini güýçlendirmek maksady bilen, merkeziň bakteriologiki barlaghanasy ýurdumyzda referens-barlaglaryny amala aşyrýan Milli referens barlaghana diýlip tassyklandy we bu ugur boýunça ylmy-barlag işler dowam edýär.
2023-nji ýylda bakteriologiýa barlaghanasy «daşky hile baha beriş» barlaglary boýunça CAESAR ulgamyna (Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynda mikroblara garşy dermanlara durnuklylyga epidemiologiki gözegçilik boýunça ulgamy) gatnaşdy we barlagyň netjeleriniň esasynda barlaghana degişli güwänama eýe boldy.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň iýmit barlaghanalarynyň akkreditasiýalaşdyrylmagy, alnyp barylýan wezipeleriň halkara derejede ykrar edilmegidir we gelejekde iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline döwlet gözegçiliginiň, şol sanda barlaghana barlaglarynyň halkara ülňülerine laýyklykda amala aşyrylmagyna ýardam edýär.
«Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Birleşen Milletler Guramasynyň çagalar gaznasy (UNICEF) bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasyndaky Özara düşünişmek hakynda Ähtnama» laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýardam bermeginde FEEDCities taslamasynyň çäklerinde Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde iýmit önümleriniň düzüminde ýag turşularynyň trans izomerlerini we duzy kesgitlemek boýunça ilkinji gezek barlaghana barlaglary amala aşyryldy. Häzirki wagtda barlaghanada bu ugur boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.
Iýmit önümleriň howpsuzlygy we dürli ýokanç keselleri anyklamak boýunça hünärmenleriň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň üçin olar dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ylmy-barlag edaralaryna iş saparlaryna iberilýär. Şeýle-de, olar dünýäniň dürli ýurtlarynyň lukmanlary bilen sanitariýa-epidemiologiki we barlaghana işleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän okuw maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar we öwrenen iş usullaryny barlaghanalaryň işine ornaşdyrýarlar. Şeýle-de, sanitariýa-epidemiologiýa ugurlary boýunça ylmy-barlaglary ýerine ýetirýärler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi