«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammiti sentýabr aýynda geçiriler
16-njy martda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde taýýarlyk edarasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu edara «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly ilkinji sammite taýýarlygy utgaşdyrar. Sammitiň 2026-njy ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de dabarada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary hem çykyş etdiler.
Dabarany Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon açdy. Ol çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň örän möhüm syýasy we diplomatik waka boljakdygyny, onuň ýurtlaryň arasynda konstruktiw hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we giňeldilmegine ýardam berjekdigini nygtady.
Koreý tarapynyň bu ýokary derejeli foruma uly ähmiýet berýändigini belläp, ministr sammite guramaçylyk we protokol taýdan düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, ýörite taýýarlyk edarasynyň döredilendigini aýtdy.
Mundan başga-da, ministr Ço Koreýa Respublikasynyň Hökümeti bilen gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň bu ilkinji sammitiň üstünlikli geçirilmeginiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi.
Çärä gatnaşan diplomatik korpusyň wekilleri sammite taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan tagallalar üçin Koreýa Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdiler we çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


