Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler
26 Ýanwar 2026

Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär.


«InSilico Medicine» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Kerol Satler bu barada şeýle diýdi:


«Biziň emeli aň arkaly derman taýýarlaýyş prosesimiz beýni dokumalaryna gowy aralaşýan molekulany döretmäge ýol açdy. Bu bolsa Parkinson keselini bejermekde uly mümkinçilikler berer».


ISM8969 dermany beýni öýjüklerindäki NLRP3 belogynyň işjeňligini peseldýär. Alymlaryň pikiriçe, bu belok nerw ulgamynda dowamly çişmeleriň emele gelmegine sebäp bolup, Parkinson we beýleki neýrodegeneratiw keselleriň geçişini has-da agyrlaşdyrýar.
Dermanlaryň köpüsi beýnini goraýan gematoensefalik böwetden geçip bilmeýändigi sebäpli täsirini ýitirýärler. Emeli aň bu böwetden geçip bilýän we gönüden-göni nyşana (NLRP3) täsir edýän molekulany iki ýyldan az wagtyň içinde döretmegi başardy.
Syçanlarda geçirilen barlaglar keseliň haýallaýandygyny, fiziki güýjüň artýandygyny we hereketleriň has gowy dolandyrylýandygyny görkezdi.
FDA-nyň rugsatnamasy bilen dermany adamlarda synagdan geçirmegiň birinji tapgyry başlanýar.
Kompaniýa bu dermany mundan beýläk-de ösdürmek üçin Hytaýyň iri derman öndüriji kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy.


Çeşme:
banner
banner
banner