Putin Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Russiýanyň Prezidenti hatynda bu şanly baýram güni Russiýanyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň ata watanyň azatlygy ugrunda egin-egne berip söweşen hem-de ägirt uly pida çekip dünýäni faşizmden halas eden ata-babalaryň edermenligini hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýandyklaryny belledi.
«Umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary baradaky hakydanyň geljekde-de rus-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ruhunda üstünlikli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip, Wladimir Putin nygtady.
Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident W.Putin Türkmenistanda ýaşaýan uruş we tylda zähmet çeken weteranlary tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür arzuw etdi.


