08 Maý 2025
Putin Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Kremliň Metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle hem Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Abhaziýanyň, Günorta Osetiýanyň we Ysraýylyň döwlet baştutanlaryna hem gutlag hatlary iberildi. Gutlaglar Gruziýanyň we Moldowanyň halklaryna-da iberildi.
Russiýanyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde basybalyjylara garşy söweşenleriň we tylda zähmet çekenleriň nesiller tarapyndan ýatda saklanylmagynyň möhümdigini aýtdy.
Russiýa döwletiniň Baştutany Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny we tylda zähmet çekenleri tüýs ýürekden gutlady, olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem olara saglyk, abadançylyk, uzak ömür arzuw etdi.
Çeşme:TURKMENPORTAL