Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Saglygy goraýşyň hazynasy – Arçman şypahanasy
Invalid Date

Saglygy goraýşyň hazynasy – Arçman şypahanasy

        Halkymyzyň saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr.

​

        Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Arçman” şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň dabaraly açylmagy - türkmen halkynyň Milli Lideriniň gönüden-göni tagallasy bilen badalga berlen giň gerimli işleriň dabaralanmasydyr.

​

        Bu taryhy ähmiýetli waka gatnaşan - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bagtyýar talyplary saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň mümkinçiliklerine we ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere şaýat boldular.    

​

        Bagtyýar talyplarymyzyň bu ähmiýetli çärä gatnaşmagy, olaryň kalbynda Watana bolan buýsanjy artdyrmak bilen birlikde, halkymyza hyzmat etmek baradaky asylly maksatlaryny has-da berkidýär.

​

       Halkara derejede ähmiýetli we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen işleriň başynda durýan, lukmançylyk ylymlarynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän alym - Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň - Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, giň gerimli, tutumly beýik işleri rowaçlyklara beslensin!  

​



banner
banner
banner