Serdar Berdimuhamedow okuwçylary we talyplary Bilimler güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlady.
"Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip, täze döwrümiziň kuwwatly binýadyny tutýarys" diýip, döwlet Baştutany belleýär.
Baýramçylyk mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Serdar Berdimuhamedow mugallymlaryň döredijilikli zähmetiniň bilim ulgamynda amala aşyrylýan üstünlikleriň gözbaşydygyny belläp geçýär.
"Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.