Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Tellurdan ýasalan implantat syçanlaryň görüş ukybyny dikeltdi, maýmynlarda bolsa güýçlendirdi
10 Iýun 2025

Tellurdan ýasalan implantat syçanlaryň görüş ukybyny dikeltdi, maýmynlarda bolsa güýçlendirdi

Hytaýly alymlar tellur nanosimlerden dokalan protez torly bardany (setçatka) işläp taýýarladylar. Bu enjam kör syçanlaryň görüş ukybyny bölekleýin dikeltdi we ozaldan hem görýän makaklaryň (maýmyn) ýakyn infragyzyl şöhläni görmegine mümkinçilik berdi. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Science» žurnalynda çap edildi.



Implantat hem görünýän şöhläni, hem-de infragyzyl şöhläni elektrik signalyna öwürýän nanosimleriň tor görnüşli gurluşyndan ybarat. Enjam işlemek üçin daşarky tok çeşmesine ýa-da goşmaça enjamlara mätäç däl. Onuň esasy gurluşy ýagtylyga duýgur, dar gadaganlyk zolagy bolan we ýagtylygy güýçli siňdirýän ýarymgeçirijiden – tellurdan düzülendir.


Genetiki taýdan kör syçanlarda geçirilen synaglarda, implantat görejiň refleksini we beýniniň görüş bilen bagly bölegindäki neýronlary işjeňleşdirdi. Syçanlaryň obýektleri tanamak boýunça synaglardaky görkezijileri sagdyn janlylaryňka çalymdaş boldy. Enjam örän pes ýagtylykda – kliniki çäkden 80 esse pes derejede-de işlemegini dowam etdirdi.


Makaklarda geçirilen synaglar implantatyň bioutgaşyklylygyny subut etdi. Kör maýmyn bu prosedurany kynçylyksyz geçirdi. Ozaldan hem görýän maýmyn bolsa, adaty görüş ukybyny ýitirmezden, ýakyn infragyzyl şöhläni hem görmek ukybyna eýe boldy. Bu mümkinçilik pes ýagtylyk şertlerinde peýdaly bolup biler.


Implantat subretinal bolup, özbaşdak işleýär. Toruň asimmetrik gurluşy sebäpli, gözüň dokumalarynda daşarky täsir bolmazdan fototoklar emele gelýär. Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, bu enjam goşmaça komponentleri talap etmeýär we päsgelçiliklere sezewar bolmaýar.


Alymlar indi kliniki synaglara taýýarlyk görýärler. Olar bu tehnologiýanyň diňe görüş ukyby bozuk adamlar üçin däl-de, eýsem, lukmançylyk, howpsuzlyk we beýleki ugurlar üçin hem peýdaly bolup biljekdigini belleýärler.


Çeşme:
banner
banner
banner