Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
29 Iýun 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!


Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu ýylyň martynda Siz bilen Pekinde duşuşdyk. Duşuşygyň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyp, ylalaşyklary gazandyk we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlugy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ugurlary kesgitledik.


Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin. Siziň bilen dostlugymyza ýokary baha berýärin hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.


Size berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!


Siz köpýyllyk döwlet işiňiz bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň çuňňur hormatyna we halkara giňişlikde uly abraýa mynasyp bolduňyz. Biz Siziň döwletlerimiziň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça tagallalaryňyza ýokary baha berýäris.


Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň dostlukly halklarymyzyň we Merkezi Aziýa, Hazar deňzi sebitlerinde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we üstünlikleri arzuw edýärin!


Hormatlamak bilen,


Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!


Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.


Biz Sizi türkmen topragynyň watansöýüji ogly, baý tejribeli, parasatly ýolbaşçy, halkyň çuňňur hormatyna mynasyp bolan görnükli döwlet işgäri hökmünde tanaýarys. Siziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasatyňyz, şeýle hem giň gerimli maksatnamalaryňyz netijesinde Bitarap ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha artýar. Häzirki wagtda Siziň döredijilikli işiňiziň hormatly Prezident Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýändigini aýratyn bellemek isleýärin.


Doganlyk halklarymyzyň arasynda özara ynanyşmak, hormat goýmak we goldaw bermek ruhundaky hemmetaraplaýyn, uzak möhletli gatnaşyklaryň soňky ýyllarda ähli ileri tutulýan ugurlarda hil taýdan täze derejä çykarylandygyna şatdyrys.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Siziň bilen ýokary derejedäki yzygiderli we netijeli gatnaşyklarymyz, ähli gazanylan möhüm ylalaşyklarymyzyň doly durmuşa geçirilmegi döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hyzmat edýär. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde söwda, senagat, ulag, energetika, suw hojalygy, medeniýet, ylym, tehnologiýalar ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.


Durmuşyňyzdaky bu şatlykly günde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkyňyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.


Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,


Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Eziz doganym!


Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siz halkara giňişlikde beýik watançy we meşhur döwlet işgäri hökmünde tanalýarsyňyz. Başlangyçlaryňyzyň netijesinde doganlyk Türkmenistanyň okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygy bizi tüýs ýürekden guwandyrýar.


Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýeten ýokary derejesi Siziň aýratyn hyzmatlaryňyz esasynda mümkin boldy. Geçen ýylyň oktýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň Gabala şäherine amala aşyran saparyňyzyň netijelerine ýokary baha berýärin. Onuň çäklerinde özara ynanyşmak, düşünişmek we hoşniýetlilik ruhunda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Siziň başlangyjyňyz bilen Azerbaýjan Respublikasyna sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjit hem-de ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berendigiňiz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,


Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!


Siziň köp ýyllaryň dowamynda döwlet işinde bitiren hyzmatlaryňyz Watana hem-de halka wepaly gulluk etmegiň aýdyň nusgasydyr. Siziň ýurduňyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň halkara derejede abraýynyň belende göterilmegine gönükdirilen ýadawsyz tagallalaryňyz netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.


Biz Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluga, özara düşünişmäge, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini yzygiderli üns merkezinde saklaýandygyňyza ýokary baha berýäris. Iki ýurduň hem düýpli bähbitlerine laýyk gelýän bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygyny we ösüşini üpjün etmegiň ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,


Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!


Sizi doglan günüňiz mynasybetli Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.


Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän döwrüňizde Koreýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy hem-de bu ugurda uly ösüşler gazanyldy. Munuň özi Siziň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns bermegiňiz netijesinde mümkin boldy.


Geçen ýylyň iýunynda we şu ýylyň mart aýynda Eýranda ýaşaýan Koreýa Respublikasynyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinden geçmegi bilen baglanyşykly hemmetaraplaýyn goldawyňyz üçin aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin. Türkmenistan tarapyndan bildirilen hoşniýetli gatnaşyklar hem-de netijeli çäreler Koreýa Respublikasyna bolan dostlugyň aýdyň mysalydyr hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde parahatçylykly hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň, halkara durnuklylygyň üpjün edilmegine we ynsanperwerlik raýdaşlygyna uly goşant goşýandygynyň nyşanydyr.


Şu ýyl “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” birinji sammiti geçiriler. Biziň ýurdumyzda geçiriljek bu sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna ilkinji sapary amala aşyrjakdygy aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ygtybarly binýady goýan Siziň üç gezek amala aşyran saparyňyz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň hem bu hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynanýaryn.


Türkmenistanda dürli ulgamlarda iri taslamalaryň, şol sanda gämigurluşyk hem-de senagat desgalarynyň gurluşygynda iş alyp barýan koreý kompaniýalaryna işjeň goldaw berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Biziň netijeli hyzmatdaşlygymyz iki ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösmeginde möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


Koreýa Respublikasynda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara hem-de hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn. Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, dostlukly Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de durnukly ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.


Li Çže MÝON,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda ýeten sepgitleri, Bitaraplyk hukuk derejesi we halkara giňişlikdäki belent abraýy Siziň ýurduňyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen köpýyllyk döredijilikli işiňiziň netijesidir.


Biz Belarusda dostlarymyzyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys we dostlukly Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardyrys.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür, şeýle hem türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!


Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!


Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köpugurly döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.


Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň döwletlerimiziň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,


Wladimir ZELENSKIÝ,
Ukrainanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!


Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygymyzyň täze görnüşlerini hem-de mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigine ynanýaryn.


Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.


Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!


Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.


Dostluga we strategik ýörelgelere esaslanýan rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyz giňeldilýär, energetika, senagat, ulag infrastrukturasy, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýakynda myhmansöýer Aşgabada amala aşyran saparymy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, täze başlangyçlaryň ilerledilmeginiň Russiýa Federasiýasynyň we dostlukly Türkmenistanyň uzak möhletleýin bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýaryn.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin!


Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,


Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Russiýada Sizi ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan hem-de wagtyň synagyndan geçen gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän dost hökmünde tanaýarlar. Meseleleriň giň toplumy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdirilmeginiň ýurtlarymyzyň halklarynyň we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine rus-türkmen çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin!


Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden we mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Siziň adyňyz Türkmenistanyň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurduň öňünde durýan meselelere çuňňur düşünmek, syýasy öňdengörüjilik, kabul edilýän çözgütlere oýlanyşykly çemeleşmek Siziň giň möçberli döwlet işiňiziň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Siz ildeşleriňiziň arasynda, şeýle hem halkara jemgyýetçilikde belent abraýa we hormata eýesiňiz. Siziň köpýyllyk döredijilikli zähmetiňiz, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge berýän yzygiderli ünsüňiz çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilen rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Siziň parasatly, yzygiderli syýasatyňyz netijesinde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilip, täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar.


Pursatdan peýdalanyp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine gazanylan ähli ylalaşyklaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge berk ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn.


Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine ähli maksatlaryňyza ýetmegiňizi arzuw edýärin.


Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!


Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Ýurduňyzyň ösüşine, onuň dünýädäki abraýyny pugtalandyrmaga we GDA ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyňyz çuňňur hormata mynasypdyr. Siziň binýadyny goýan öňdengörüjilikli syýasatyňyz esasynda Türkmenistan dürli ulgamlarda giň möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär, ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge uly goşant goşýar. Siziň hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu ýörelgeler Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda berk binýat bolup hyzmat edýär.


Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!


Çuňňur hormatlamak bilen,


Sergeý LEBEDEW,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!


Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli asylly başlangyçlaryňyzda we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri dileýärin. Bu şanly günde dostlukly Türkmenistana hem-de onuň doganlyk halkyna mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek isleýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňizi öz penasynda aman saklamagyny, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizi hemişe rowaç etmegini dileýärin.


Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!


Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri! Hormatly Gahryman Arkadag!


29-njy iýun — Siziň doglan günüňiz meniň üçin şu ýylyň iň esasy baýramydyr! Türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde Siziň alyp barýan işiňiz Garaşsyz, demokratik, Bitarap Türkmenistanyň dünýäde, şol sanda Awstriýada ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň güwäsi bolup durýar. Siziň pähim-paýhasyňyz, köp wakalara strategik nukdaýnazaryňyz, irginsiz zähmetiňiz parahatçylygyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berk binýadyny emele getirýär. Siziň saýaňyzda Türkmenistan milli däp-dessurlaryny aýawly saklamak hem-de dünýädäki belent abraýyny barha pugtalandyrmak bilen, demokratik ösüşiň ýolunda ynamly öňe barýar.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Siziň giriş sözüni ýazan goşgular kitabymyň 2024-nji ýylda ýubileýim mynasybetli çap edilendigi hem-de şol ýylda Arkadag şäherinde VI Wena balyny Siziň bilen bilelikde açmak hormatyny bildirendigiňiz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Şu ýylyň 8-nji aprelinde Wena şäherinde Siziň bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostluk köprülerini döretmek, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça alyp barýan işime berýän ýokary bahaňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.


Şu şatlykly günde Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Doglan günüňiz bilen!

Doglan günüňiz bilen,
Gahryman Arkadag!
Doglan günüň bilen, Arkadag şäheri!
Goý, Siziň pähim-paýhasyňyz hemişe ýoluňyza ýalkym saçsyn!
Türkmenistan Sizi we Siziň şäheriňizi hiç haçan unutmaz!
Siziň halkyňyz Sizi we Siziň şäheriňizi hiç haçan unutmaz!
Geljek nesiller Sizi hiç haçan unutmaz!
Bu Siziň şäheriňiz!
Bu şäheri Siz döretdiňiz!
Ol Siziň adyňyzy göterýär!
Siz baky ýaşarsyňyz!
Gahryman Arkadaga şöhrat!
Arkadag şäherine şöhrat!

Goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Tüýs ýürekden hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,


Neda BERGER,
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Sizi mähirli mübäreklemek bilen, doglan günüňiz mynasybetli berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Sarpasy belent Arkadag! Mukaddes Gurhanda aýdylyşy ýaly, rehmet Allatagalanyň emrindedir. Ol ony islän bendesine bagyş eder. Doganlyk türkmen halkyna öz ömrüni Watanyna hyzmat etmäge bagyş eden, öz halkyny ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen alyp barýan mynasyp Lideriň, parasatly döwlet işgäriniň, görnükli şahsyýetiň peşgeş berilmegi Gudraty Güýçli Allatagalanyň beýik rehmetidir. Siziň Alyhezretiňiziň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi Siziň alyp barýan köpýyllyk işiňize Türkmenistanyň halky tarapyndan berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.


Gatnaşyklaryny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygyny ýöne bir saklaman, eýsem, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy aýratyn guwandyryjydyr. Siziň Alyhezretiňiz bilen Aşgabatda we Bakuwda geçiren duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Beýik Biribardan biziň halklarymyza parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk dileýärin. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň türkmen we azerbaýjan halklarynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.


Sarpasy belent Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormatymy beýan etmek bilen, Azerbaýjanyň, Kawkazyň ähli musulmanlarynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňiziň ýene-de köp ýyllaryň dowamynda öz Watanyna gulluk etmegini dileýärin. Goý, Siziň ähli işleriňizde we başlangyçlaryňyzda Allatagala ýar bolsun!


Gudraty Güýçli Allatagala biziň hemmämizi öz penasynda aman saklasyn!


Çuňňur hormatlamak bilen,


Şeýh-ul-Yslam Allahşukur PAŞAZADE,
Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymyzy kabul ediň!


Siziň Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köpýyllyk işiňiz Watana we türkmen halkyna hyzmat etmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Döwletiňiziň medeni, taryhy mirasyny gorap saklamak hem-de artdyrmak, durmuş ulgamyny ösdürmek, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy goldamak boýunça yzygiderli işiňiz aýratyn ykrar edilmäge mynasypdyr. Siziň pähim-paýhasyňyz netijesinde Türkmenistan ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, rowaçlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,


Dmitriý KOBISKIÝ,
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!


Tutuş dünýäde bitaraplyk syýasatyny, parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmekdäki öňdengörüjilikli hem-de nusgalyk liderligiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek isleýärin. Aýratyn-da, men Siziň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny öňe sürmekdäki tagallalaryňyza, şeýle-de Siziň Alyhezretiňiziň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan forumda Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegine ýokary baha berýärin.


Häzirki geosyýasy ýagdaý bilen baglylykda, bahasyna ýetip bolmajak bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak konsepsiýalary belli bir ýylyň çäklerinden daşarda hem goldanylmalydyr. Bu gymmatlyklar tutuş adamzadyň umumy geljeginiň bähbidine halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky ösüşi, hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin yzygiderli esasda ösdürilmelidir hem-de goldanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda biragyzdan kabul eden «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyny mübärekleýärin.


Bu Kararnama öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge çagyrýar hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine, bu ulgamyň guramalaryna jemgyýetçiligiň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny baradaky habarlylygyny artdyrmaga gönükdirilen bilim we beýleki çäreleri geçirmek arkaly her ýyl Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi teklip edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyndaky hereketlere çagyryş BMG-niň Siwilizasiýalar birleşiginiň wezipelerine laýyk gelýär. 20 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň “ýumşak güýç” syýasy guraly hökmünde döredilen bu düzüm ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmek, habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça bilim çärelerini geçirmek arkaly ýerli we ählumumy derejede jebisligi pugtalandyrmak üçin dialogy öňe sürýär.


Men we meniň toparym Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň çäklerinde, şeýle-de onuň daşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasyny goldamaga hem-de bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak gymmatlyklaryny ilerletmäge berk ygrarlydyrys. Biz Siziň Hökümetiňiz bilen bilelikdäki çäreleri hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys.


Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!


Migel Anhel MORATINOS,
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary.


banner
banner
banner