Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmen mugallymlary Slowakiýada iş saparynda boldular
14 Aprel 2025

Türkmen mugallymlary Slowakiýada iş saparynda boldular

Ýewropa Bileleşigiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» («ESGCA») atly taslamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar 5-12-nji aprel aralygynda Slowakiýanyň Bratislawa şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň maksady ekologiýa, jemgyýetçilik we netijeli dolandyryş meselelerini öz içine alýan magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilim okuw maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmakdan ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.


Bratislawa şäherindäki Slowakiýanyň tehnologiýa uniwersiteti (Slovak University of Technology in Bratislava (STUBA)) bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi hökmünde saýlanyldy. Bu gezekki okuw maslahaty «ESG-niň durnukly senagatda, ýokary bilim bermekde we suw resurslaryny dolandyrmakda amaly ulanylyşy» ady bilen geçirildi.


Saparyň çäklerinde gatnaşyjylar üçin Slowakiýanyň Bratislawa şäherinde ýerleşýän «Slovnaft» nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gezelenç guraldy. «MOL Group» kompaniýasynyň bir bölegi bolup durýan bu zawod 1957-nji ýylda guruldy. Bu zawodlar toplumy «ýaşyl önümçilik» düşünjesini işjeň durmuşa geçirip, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy has-da işjeňleşdirmegi, şeýle-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Mugallymlar kärhananyň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmak strategiýalary bilen tanyşdylar.


banner
banner
banner