Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyşy bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sapara taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda mälim etdi.
Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda açyljak serhetýaka söwda merkezi iki döwletiň arasynda dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginde möhüm gural bolar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyň dowamynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Sammitiň gün tertibinden döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, sebitde özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleler orun alar. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri sebit we ählumumy gün tertibiň möhüm wakalary boýunça hem pikir alşarlar.
Çäräniň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge gönükdirilen birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem iň ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.


