Türkmen-rus hyzmatdaşlygy: täze resminamalara gol çekildi
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň iki ýurda degişli taraplardan ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de bu toparyň 13-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisde iki ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.
Dostlukly we netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara – Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle-de okaň:
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi