Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenbaşy şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi
09 Maý 2026

Türkmenbaşy şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurdy, şol sanda, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi hem-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alnyp, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, Türkmenistanyň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Gümrük kodekslerine   döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.


Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň  möhümdigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.


Soňra wise-premýerler hem-de Balkan welaýatynyň häkimi gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


banner
banner
banner