Türkmenbaşyda öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga gurlar
Nebiti gaýtadan işleýän önümçilik kärhanalaryň arassalanan suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap desgalary gurmagy dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze kenar sorujy bekediniň we öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerini 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de bekedi we desgany 2029-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


