Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
«Türkmenhaly» döwlet birleşigine hem-de öňdebaryjy halyçylara TÜRKSOÝ-nyň ýörite diplomy hem-de Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy
01 Iýun 2026

«Türkmenhaly» döwlet birleşigine hem-de öňdebaryjy halyçylara TÜRKSOÝ-nyň ýörite diplomy hem-de Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ussat halyçylaryň ençemesine Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Dabara tamamlanandan soňra Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine ýörite diplomyň we öňdebaryjy halyçylara Minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.


Dabaranyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew çykyş edip, şu gün Türkmenistanda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň genji-hazynasy bolan Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, haly diňe bir dokma önümi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türki halklaryň taryhy köklerini, çeper döredijiligini we ruhy baýlygyny özünde jemleýän maddy gymmatlykdyr. Dünýä medeniýetine goşulan ägirt uly goşant we gaýtalanmajak mirasdyr. Şunuň bilen baglylykda, Sultan Raýew bu gadymy senedi ösdürmekde, döwrebap görnüşde kämilleşdirmekde bitirýän hyzmatlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine hem-de öňdebaryjy halyçylara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hoşallyk bildirdi we guramanyň ýörite diplomyny hem-de Minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.


banner
banner
banner