Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maslahatlaşdylar
05 Fewral 2026

Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Abu-Dabi şäherinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.


Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Energetika hem-de ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça işleri işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýyklygy nygtaldy.


Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar.


banner
banner
banner