Türkmenistan we Özbegistan ýol hojalygy pudagynda amaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
15-nji martda Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri Hangeldi Kerimow we Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda awtomobil ýollarynyň gurluşygy hem-de iki ýurduň arasyndaky üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dunyo.info saýtynyň habar bermegine görä, taraplar ýol hojalygynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, dolanyşygy sanlylaşdyrmaga, köprijileri we ulag çözgütlerini taslamaga aýratyn üns berdiler.
Şeýle-de, beýleki özara bähbitli ugurlarda tejribe alyşmak meselesine seredildi.
Taraplar amaly hyzmatdaşlygy, şol sanda özara saparlary, hünärmenler derejesindäki iş duşuşyklaryny, şeýle hem bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Ýakyn geljekde «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmeginiň iki ýurduň arasyndaky söwdanyň we ýük daşamalarynyň möçberiniň artmagyna ýardam etjekdigini belläp, taraplar amaly hyzmatdaşlygy, şol sanda özara saparlary, hünärmenler derejesindäki iş duşuşyklaryny, şeýle hem bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.


