11 Oktýabr 2025
Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy:
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ortopediýa bölüminiň müdiri Çarymyrat Işimow,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň statist lukmany Jumadurdy Nurýagdyýewiç Garlyýew,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň Endokrinologiýa toplumynyň lukmançylyk enjamlarynyň I derejeli tehnigi Gurbanmyrat Muhammetnurowiç Hojagulyýew,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 14-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Tatýana Alekseýewna Malahowa,
- Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri Muhammetguly Aşyrowiç Atagaraýew,
- Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti Muhabbet Ergeşowna Azziýewa;
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakyldy:
«Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly ady:
- Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň urologiýa we andrologiýa kafedrasynyň müdiri Mämmetberdi Çaryýew,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ýusup Hojadurdyýewiç Işangulyýew,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň neýrohirurgiýa bölüminiň müdiri Annaguly Açyldurdyýew,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň esasy ylmy işgäri Olga Nikolaýewna Borodina,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň baş lukmany Geldi Taganowiç Annamuhammedow;
«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady:
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş-öňüni alyş bölüminiň başlygy Muhammet Bozoglanowiç Ergeşow,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory Çary Rozyýewiç Agamyradow,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkeziniň çaga lukmany Batyr Tirkişowiç Rahmanow,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň lukmany Resul Nepesow,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Arçman» şypahanasynyň baş lukmany Çaryýar Amansähedowiç Annasähedow,
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Daşoguz «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň baş lukmany Merdan Myradowiç Gurbanow.