Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
“Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hereketde:
23 Iýul 2026

“Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hereketde:


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk merkezleriniň ençemesi guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär, sanly ulgam, kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilip, halkymyzyň saglygy baradaky alada belent derejelere göterilýär, sagdyn durmuş ýörelgeleri pugtalandyrylýar. Şeýlelikde, ýurdumyz halkyň saglygy baradaky çynlakaý tagallalaryň belent nusgasyny özünde jemleýär. Munuň özi “Il saglygy - ýurt baýlygy” diýen ynsanperwer şygaryň aýdyň beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar.


 Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp  has-da kämilleşdirilýär.


Ylmy gazanylanlaryň, iň täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň, ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini göz öňünde tutýan ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy häzirki wagtda saglygy goraýşy ählumumy we sebit derejesinde strategik taýdan dolandyrmagyň esasy özeni bolmak bilen, köp ýurtlaryň daşary syýasat strategiýasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bu ugurda hoşniýetli erk-islege we özara hormata esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk durnukly ösüşe, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, halkara gatnaşyklaryň sazlaşykly alnyp barylmagyna hyzmat edýär.


Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan Saglygy goraýyş ulgamyndaky giň gerimli özgertmeler häzirki döwürde Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygyny bu ugurda  giňeltmek we innowasion ugurlara gönűkdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda Tűrkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi köp ýyllardan bäri dowam edýär, bu hyzmatdaşlyk Tűrkmenistanda özűniň mäkäm we oňaýly däplerine eýe boldy, köptaraplaýyn öňegidişlikler gazanyldy.


Tűrkmenistan döwletimizde hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gűnsaýyn ösýän saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, dűnýä lukmançylyk tejribesinde gazanylýan űstűnlikleri milli lukmançylygymyza ornaşdyrmak, dűnýäniň abraýly halkara guramalary we daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamy bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak maksatly dowam etdirilýän Türkmen-German forumlar uly űstűnliklere eýedir.


Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda öz işini başlan Saglygy goraýyş ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlyk Hormatly Gahryman Prezidentimiziň  taýsyz tagallalary bilen barha giňeýär. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrligi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek  boýunça  özara düşünişmek  barada Ähtnama we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýünhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda bu forumlar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynda gezekleşdirip geçirilmeginiň däbe öwrülmegi hyzmatdaşlygyň iki taraplaýyn tejribe alyşmaklyk ýörelgesiniň iş ýüzünde  amala aşyrylýandygynyň  subutnamasydyr.



Ynha bu günler Germaniya federatiw Respublikasynyň Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýünhen uniwersitet klinikasynyň   lukmanlary ýagny somnolog- pulmonolog lukmanlary  Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezinde iş saparynda bolup, kadaly ukynyň  fiziologiýasy, ukynyň saglyk üçin ähmiýeti, uky bozulmalarynyň  öňüni almak, uky bozulmalarynyň  häzirki zaman sanly lukmançylyk ulgamyny peýdalanmak arkaly  dikeldiş bejergisi ugurlary boýunça halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, ýerli lukmanlarymyz bilen   tejribe alyşdylar.



Şeýle hem daşary ýurtly lukmanlar " Uky wagtyndaky apnoe alamatyny anyklaýyş we bejeriş usullary" atly okuw türgenleşik beýan sapagyny geçirdiler.


Saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejelere çykarmakda, lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekde netijeli işleri durmuşa ornaşdyrýan, türkmen halkynyň saglygy ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň  dik, ömürleriniň uzak bolmagyny Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezinde   tejribe alyşýan lukmanlar arzuw etdiler.

INTERWÝULAR:


   

1.Pontus Mert – Men Germaniya federatiw Respublikasynyň Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýünhen uniwersitet klinikasynyň  pulmonologiýa we uky barlaghanasynyň  lukmany.Meniň Türkmenistana ilkinji iş saparym. Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezinde   dürli zerur bolan dikeldiş bejergileri ýerine ýetirmek üçin hemme şertler döredilen.Sanly akylly lukmançylyk ulgamy tehnikalaryň hemmesine ornaşdyrylan. Bu ulgamlaýyn sazlaşykly işler ylmy taýdan esaslandyrylyp amal edilýär.Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti adamlaryň saglygyny üns merkezlerinde saklamagy bilen saglygy goraýyş hyzmatlarynda dünýä tejribäni giňden ornaşdyrýarlar.Esasy halypa –şägirtlik ýörelgesiniň amal edilýändigi we guramaçylyk işler ýokary derejede alnyp barylýandygy  bellärliklidir.



Jeremias Gotçke- Men Germaniya federatiw Respublikasynyň Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýünhen uniwersitet klinikasynyň  uky barlaghanasynyň  lukmany.Meniň Türkmenistana ilkinji iş saparym.Aşgabat şäheri örän owadan,Saglygy goraýyş edaralary döwrebap. . Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezinde   dürli zerur bolan dikeldiş bejergileri ýerine ýetirmek üçin hemme şertler döredilen.Sanly akylly lukmançylyk ulgamy tehnikalaryň hemmesine ornaşdyrylan. Bu ulgamlaýyn sazlaşykly işler ylmy taýdan esaslandyrylyp amal edilýär.Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti adamlaryň saglygyny üns merkezlerinde saklamagy bilen saglygy goraýyş hyzmatlarynda dünýä tejribäni giňden ornaşdyrýarlar.Esasy halypa –şägirtlik ýörelgesiniň amal edilýändigi we guramaçylyk işler ýokary derejede alnyp barylýandygy  bellärliklidir.


banner
banner
banner