Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň ilçisi YHG-nyň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
04 Fewral 2026

Türkmenistanyň ilçisi YHG-nyň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

Mejlisiň dowamynda «2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.


Hususan-da, bu meýilnamanyň 3-nji ileri tutulýan ugry, ýagny «Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk» atly bölümini YHG-nyň sebitinde durmuşa geçirmek bilen bagly teklip bu gurama tarapyndan öňe sürüldi. Agzalan teklip hem-de ony durmuşa geçmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi Geňeş tarapyndan goldanyldy.


Türkmenistanyň ilçisi YHG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Y.Gaýypow agzalan başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-nyň Sekretariatyna we agza ýurtlaryň wekillerine hoşallyk bildirdi hem-de onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda taraplaryň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirýändigini mälim etdi.


Ozal türkmen tarapynyň teklibi boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň «Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk» atly 3-nji ileri tutulýan ugry öňümizdäki döwürde kabul ediljek YHG-nyň «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035» resminamasynyň taslamasyna girizildi diýlip, Türkmenistanyň Tährandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.

​​

banner
banner
banner