Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
26 Maý 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä hem-de Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


“Biz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.


Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä we Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


Çeşme:tdh.gov.tm
banner
banner
banner