Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady
01 Iýul 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


Kanadanyň güni - esasy döwlet baýramçylygy bolup, ol 1867-nji ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren Britan Demirgazyk Amerikasy hakynda Jarnamanyň esasynda Britaniýanyň Demirgazyk Amerikadaky ähli koloniýalarynyň Kanada dominionyna birleşmegi mynasybetli bellenilip geçilýär.



Çeşme:
banner
banner
banner