Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanadany kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de sebitde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem işewür ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we halkara abraýyny belende götermekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belläp, Gahryman Arkadagymyza doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirmegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň saparynyň dowamynda ýurdumyz bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, saparyň üstünlikli geçmegini, onuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi bermegini arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ol özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrandyklaryny aýtdy. «Kawasaki» kompaniýasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we dürli ugurlarda tejribe toplandy.
Kenji Sanada bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanada alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.


