Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet sapary bilen bardy
02 Iýun 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet sapary bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa iki günlük döwlet sapary başlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasynda habar berildi.


Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäheriniň «Buýant-Ukhaa» Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň sapar bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.


Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy Mongoliýanyň resmi adamlary, şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýerde döwlet Baştutanyna milli käsede mongol tagamy — gurt hödür edildi we gül gowşuryldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda saparynyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.


Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumy, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreler, milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy geçiriler.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyrýan bu ilkinji saparynyň barşynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler iki döwletiň arasynda dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda hem-de giňeldilmeginde täze sahypany açar diýlip, habarda bellenilýär.


banner
banner
banner