Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Eziz watandaşlar!
Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris. Sizi we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetimiz yzygiderli ösdürilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ykdysadyýetimizi kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler hem-de şäherler gurulýar. Telekeçilik işini ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda karz, salgyt we nyrh gurallary netijeli utgaşdyrylyp, ykdysady durnuklylygy saklamaga uly orun berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär.
Döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlarda goldawlar we ýeňillikler üpjün edilýär. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Biziň öňümizde goýýan esasy wezipämiz geljekki ýyllarda täze durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary ederis.
Hormatly adamlar!
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini bellenen derejede saklanýar. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň maliýe bazaryny yzygiderli kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berýäris. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär. Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar. Biz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biziň alyp barýan maýa goýum syýasatymyz ykdysadyýetimizi depginli ösdürmegiň möhüm şertidir. Ýurdumyzda maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 31,5 göterimi goýberildi.
Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, şeýle hem hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy. Geljekde hem ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar.
Eziz watandaşlar!
Ýurdumyzda nebitgaz toplumynyň işini dünýäniň soňky gazananlary esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, täze ýataklary özleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gaz käniniň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornuny berkitmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna — ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Bu taryhy taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberlerini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berer. Umuman, «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň özleşdirilmegi we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň energetika we durmuş syýasatynyň iň iri taslamalarynyň biridir.
Hormatly adamlar!
Ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Gurluşyk materiallary pudagynda dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberleri hem-de görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizip, gurluşyk pudagynyň binýadyny has-da berkideris.
Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumy, Balkan welaýatynyň «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalaryny, «Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak meýilleşdirilýär.
Daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem şu ýyl biz möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermegi meýilleşdirýäris.
Umuman, Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmegi maksat edinýär.
Eziz watandaşlar!
Häzirki wagtda Türkmenistan kuwwatly senagat döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösen senagaty ykdysady we durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» kabul edilmegi döwrüň talaby bolup durýar.
Hormatly adamlar!
Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlaryny, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem «akylly» şäherleri döretmek ugrunda netijeli iş alyp bararys.
Hormatly adamlar!
Üstünliklere beslenýän ýylymyzda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berildi. Şu ýyl Aşgabat şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga beriljek döwrebap obada hem bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu üstünlikler biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesidir, ýagny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Oba hojalyk pudagynda azyk howpsuzlygyny berkitmek, gaýtadan işleýän ýeňil senagaty çig mal bilen üpjün etmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ylmy-barlag institutlary tarapyndan ekerançylyk, maldarçylyk we tohumçylyk babatda düýpli ylmy-barlaglar ýerine ýetirilýär.
Şu ýyl Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki döwrebap barlaghana binasy hem ulanmaga berler. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, hereket edýän suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly işlere hem uly ähmiýet berilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bu zähmet üstünligi ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadydyr. Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy gazanan netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen, Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy hem ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýan halkdyr. Behişdi bedewlerimiz parahatçylygyň nyşany, toý-baýramlaryň bezegi bolup durýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde giň gerimli halkara çäreler geçirildi.
Ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini dowam etmek maksady bilen, ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy boýunça Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky alyp barýan işlerimizi has-da kämilleşdirmäge ýardam berer.
Eziz watandaşlar!
Ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. Ýurdumyzda harytlaryň elýeterliligi we bahalaryň durnuklylygy üpjün edilip, söwdanyň hili yzygiderli ýokarlanýar. Bazarlary öz ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk, azyk we beýleki sarp ediş harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
«Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde döwrebap söwda merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýyl paýtagtymyzda köp sanly häzirki zaman söwda we hyzmatlar öýleri açylyp ulanmaga berler. Ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary söwda hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Biz 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine milli sergimiz bilen gatnaşarys.
Hormatly adamlar!
Biz dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm işleri alyp barýarys. Ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek bilen, halkara talaplara laýyk gelýän eksport önümçiligini giňeldýäris. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde hususy pudagyň orny yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegi dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Ulag we aragatnaşyk toplumynda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamy ýurdumyz we sebitiň döwletleri üçin ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni öwrenip, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, milli deňiz söwda floty yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak pata berildi. Biz ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen okuw sapagynyň ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin. Hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyza öz gymmatly oý-pikirlerini, öwüt-nesihatlaryny berdi. Birnäçe tekliplerini, garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Eziz watandaşlar!
Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny, zehinini kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrüler. Biz geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim edaralaryny gurmagy dowam ederis. Munuň özi bilim ulgamynda alyp barýan işlerimiziň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Döwletimiz innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklaýar. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.
Eziz watandaşlar!
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini, hilini ýokarlandyrmak arkaly pudagyň işi has-da kämilleşdirilýär. Dünýä meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Şu ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça bejeriş merkeziniň binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris.
Häzirki wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Biz ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbüni tutarys. Şeýle hem ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmagy meýilleşdirýäris.
Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.
Hormatly adamlar!
Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadasyny emele getirmek, köpçülikleýin sporty has-da ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşini üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Geljekde hem türgenlerimiziň halkara derejeli ýaryşlarda döwletimiziň halkara sport abraýyny belende galdyrjakdyklaryna, watansöýüjiligiň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýaryn.
Eziz watandaşlar!
Medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzda dürli medeni çäreler, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, edebi mirasymyza bagyşlanan ylmy maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär.
Şu ýyl Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçirildi. Geljek ýyl bolsa Medeniýet hepdeligini Daşoguz welaýatynda geçireris. Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bularyň ählisi medeni diplomatiýamyzy Ýer ýüzüne giňden dabaralandyryp, dünýä halklary bilen dostluk we parahatçylyk köprülerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bitaraplyk syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy waka öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen, «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
Şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugry ýylsaýyn uly abraýa we hormata eýe bolýar. Bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçen okuw sapagynda hem Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Bitaraplyk we parahatçylyk kafedrasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Bu ýerde parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeleriň geçiriljekdigini öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetiniň döredilmegi bu ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmakda möhüm ädim bolar.
Hormatly adamlar!
Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik gymmatlygydyr. Türkmenistanyň öz Bitaraplygy bilen halkara we sebit ýagdaýlarynyň birnäçesini parahatçylykly ýol bilen çözmäge uly goşant goşandygyny bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyny kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürýärin. Bu resminamanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Mejlisiniň işi hem giňden ösdürilýär. Milli kanunçylygymyz halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň Mejlisi raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Şeýle hem täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi we kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri diýip hasap edýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys.
Eziz watandaşlar!
Sanlyja günden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni giňden dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek maksady bilen, degişli Permana gol çekeris. Permana laýyklykda, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-nji, 28-nji, 29-njy sentýabrda Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçeris.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw edýärin.
Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun!
Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!


