Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň raýatlary Täjigistanyň şypahanalarynda dynç alyp bilerler
13 Maý 2023

Türkmenistanyň raýatlary Täjigistanyň şypahanalarynda dynç alyp bilerler

Türkmenistanlylar doganlyk ýurt bolan Täjigistanyň şypahanalarynda rahat dynç alyp, saglygyny dikeldip bilerler. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň başlygy Malikşo Nematzodanyň interwýusynda bellenýär.


Belläp geçsek, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji maýda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


— Ähtnamanyň çäklerinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň netijeli hyzmatdaşlygy netijesinde türkmen we täjik raýatlarynyň şypahanalarda dynç alyp, saglyklaryny dikeldip bilerler. Täjigistanyň 93 göterimini daglyk bolup, amatly dynç almaga mümkinçilikler bar. Ýurt peýdaly miwelere, bejeriş-dikeldiş häsiýete baýdyr — diýip, Malikşo Nematzoda belleýär.

banner
banner
banner