Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr ýük daşamagyň mukdary 417 müň tonnadan geçdi
02 Aprel 2025

Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr ýük daşamagyň mukdary 417 müň tonnadan geçdi

Türkmenistanyň üsti bilen ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda belli boldy.


2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. «Сargolux» kompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnatmak işi ýerine ýetirilip başlandy.


«Şu geçen döwürde ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi, 2025-nji ýylyň üç aýyny hasaba alanyňda, 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy» diýip, TDH habar berdi.


banner
banner
banner