Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
02 Iýul 2025

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi.


Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy bellenildi.


Taraplar halkara gün tertibindäki meseleler babatynda garaýyşlaryň meňzeşligini nygtadylar.


Söhbetdeşlikde üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahata taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.


Çeşme:
banner
banner
banner