Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahat gurady
22-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Saparyň dowamynda Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkezi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat guraldy.
Ylmy maslahatyň işine Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we ylym boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkeziň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy-barlag we gözlegler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
25-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Mekke şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary «Haram al-Mekki el-Şerif» kitaphanasynyň we Mukaddes Kuran-kerem muzeýiniň işi bilen tanyşdylar.