Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Uzakly gün güýç-kuwwat berýän ertirlik tagamlary agzaldy
29 Aprel 2026

Uzakly gün güýç-kuwwat berýän ertirlik tagamlary agzaldy

Naharlanmak boýunça bilermenler günüň dowamynda bedeniň kuwwatlylygyny saklamaga kömek edýän 10 sany azyk önümini maslahat berdiler. Esasy şert – bu ganda şekeriň birden ýokarlanmagynyň hem-de ýadawlygyň öňüni almaga ýardam edýän beloklaryň, kletçatkalaryň we peýdaly ýaglaryň sazlaşykly sarp edilmegidir diýip, «Health» portalyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.


Sanawa adaty iýmitler-de, garaşylmadyk azyk önümleri-de girdi. Ýumurtga uzak wagtlap dokluk duýgusyny üpjün edýän belogyň iň oňat çeşmesi hasaplanýar. Süle ýarmasy (owsýanka) çylşyrymly uglewodlara we kletçatkalara baý bolup, ondaky zerur bolan energiýany beden kem-kemden özleşdirýär. Ertirlik edinilende, peýdaly azyk önümleriniň hatarynda beloklara we prebiotiklere baý grek ýogurdy, hozlar, aýratynam badam, çia tohumlary we miweler bar. Olar aşgazanyň saglygyny, beýniniň işini hem-de güýç-kuwwatyň derejesini saklamaga kömek edýärler.


Ertirlik üçin adaty bolmadyk iýmitler hökmünde merjimek we süýji ýeralma görkezildi, olar bedeni haýal özleşdirilýän uglewodlar bilen üpjün edip, ysgynsyzlygyň öňüni alýar. Ysmanak we losos balygy witaminlere hem-de Omega-3 ýag turşulyklaryna baýdyr.


Hünärmenler iň peýdaly ertirligi aýratyn azyk önümi däl-de, olaryň utgaşdyrylmagy hasaplaýarlar. Mysal üçin, miweli ýumurtga ýa-da hozly we miweli süle ýarmasy uzak wagtlap özüňi dok hem ruhubelent duýmaga ýardam edýär.


banner
banner
banner