BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy
Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy BMG-niň özünden we onuň bilen baglanyşykly işleri alyp barýan maksatnamalar, gaznalar we ýöriteleşdirilen edaralar diýlip atlandyrylan guramalaryň 30-dan gowragyndan ybaratdyr. Bu guramalar BMG-niň çäklerinde öz işlerini alyp barýandyklaryna garamazdan, özbaşdak agzalyk düzüme, ýolbaşçylara we býujete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary onuň bilen bilelikde işleýän özbaşdak guramalar bolup, olaryň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi ýörite ylalaşyklarda beýan edilendir. Bu ylalaşyklar BMG-niň çäklerinde hereket etmäge kanuny esas bolup hyzmat edýär.
Bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň hataryna girýän ÝUNESKO 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda gol çekilen Tertipnama esasynda döredildi. Agzalan Tertipnama laýyklykda, guramanyň esasy wezipesi jynsyna, diline we dinine garamazdan, ähli milletlere bilim, ylym we medeniýet boýunça özara hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly ählumumy parahatçylygy, halkara howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda bu guramanyň 194 agzasy we 12 assosirlenen agzasy bar. Onuň dolandyryjy edaralaryna Baş maslahat, Ýerine ýetiriji geňeş we Sekretariat girýär. Baş maslahat ÝUNESKO-nyň iň ýokary düzüm birligi bolup, ol agza döwletleriň ygtyýarlandyrylan wekiliýetlerinden düzülýär.
Baş maslahat guramanyň umumy iş ugruny kesgitleýär, onuň iki ýyllyk iş meýilnamasyny we býujetini tassyklaýar, gurama täze agzalary kabul etmek baradaky çözgütleri kabul edýär, ÝUNESKO-nyň Baş direktoryny, Ýerine ýetiriji geňeşine we hökümetara komitetlerine agzalary saýlaýar, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde halkara hukuk resminamalaryny tassyklaýar. Baş maslahatyň mejlislerara döwründe Ýerine ýetiriji geňeş ÝUNESKO-nyň dolandyryjy edarasy bolup çykyş edýär.
Sekretariat ÝUNESKO-nyň iş edarasydyr. Ol bu guramanyň merkezi edarasynda (Pariž şäherinde) ýerleşýär.
ÝUNESKO öz işini sebitleýin, klaster, milli edaralarynyň, institutlarynyň, merkezleriniň we ýöriteleşdirilen torlarynyň üsti bilen alyp barýar. Onuň Sebitleýin wekilhanalary guramanyň klaster hem-de milli edaralaryna bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda ýöriteleşdirilen ýardamlary bermek wezipesini ýerine ýetirýär.
Gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga we ösdürmäge gönüden-göni jogapkär bolup durýan ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli topar diýlip atlandyrylýan milli hyzmatdaş edaralaryň giň toruna eýedir. Häzirki wagtda dünýä boýunça ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparlaryň 199 sanysy hereket edýär.
ÝUNESKO-nyň işi onuň wezipe ugurlarynyň çäklerinde kesgitlenen maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Bu maksatnamalar esasy dört topara bölünýär. Olaryň biri hem adam we biosfera maksatnamasydyr. Bu maksatnama ekologiýa, daşky gurşaw we suw dolanyşygy ýaly meselelere gönükdirilendir. Bütindünýä mirasy maksatnamasynyň çäklerinde bolsa meşhur, şol bir wagtyň özünde-de ýok bolup gitme howpy abanýan gymmatlyklary goramak we dünýä mälim etmek bilen bagly işler amala aşyrylýar. Maddy däl medeni miras maksatnamasy nesilden-nesle geçip gelýän tebigat, taryh, medeni köpdürlülik we sungat bilen bagly maddy däl gymmatlyklary saýlap-seçmek hem-de dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmäge esas döredýär.
«Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna laýyklykda, geçmişden şu günümize çenli saklanyp galan taryhy resminamalary we arhiwleri goramak, dikeltmek bilen bagly işler amal edilýär.
Şulardan görnüşi ýaly, ÝUNESKO guramasy döwletleriň bilim, ylym we medeni syýasatlaryndan ugur alýan milli bähbitlerini, şol sanda medeni diplomatiýasyny halkara giňişlikde öňe ilerletmäge deň hukukly we köptaraplaýyn mümkinçilikleri döredýän ajaýyp meýdançadyr.
Döwletimiz ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda guramanyň alyp barýan iş ugurlaryndan gelip çykýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmak babatda yzygiderli we netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistan üçin ÝUNESKO-nyň çäklerinde özüniň örän baý taryhyny we milli medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga, ýurduň abraýyny has-da beýgeltmäge, bilim, ylym, medeniýet babatda iň öňdebaryjy we örän baý tejribelerden peýdalanmaga hem-de bu ugurlarda milli derejede gazanylan tejribeleri paýlaşmaga gönükdirilen giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, eýýäm şol ýyldan başlap, onuň bilen milli derejede ýörite mehanizm ýola goýuldy. Bu mehanizmiň düzümi Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparyndan hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan ybarat bolup durýar.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň bu gurama bilen özara hereketlerini we hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmagy üpjün edýän pudagara edaradyr. Ol 1993-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri hereket edýär. Toparyň düzümi, onuň Düzgünnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy tarapyndan utgaşdyrylýan jemi 13 sany halkara Konwensiýanyň we köptaraplaýyn resminamanyň agzasydyr.
Döwletimiziň ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän ugurlarynyň biri-de guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda milli medeni we tebigy ýadygärliklerimiziň sanyny artdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlerdir. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem bu görnükli sanawyň üsti «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi.
2021-nji ýylyň başynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama onuň Sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň dekabr aýynda geçiren 16-njy mejlisiniň barşynda bolsa hödürnamany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça çözgüt biragyzdan kabul edildi.
2023-nji ýylyň fewral aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçirildi. ÝUNESKO-nyň klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublary döredildi.
2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi dünýä medeni mirasyna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk ýörelgelerini mundan beýläk-de dünýä ýaýmak boýunça zerur çäreleriň geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ahalteke bedewleriniň bezegi bolup durýan hem-de halkymyzyň däp-dessurlaryny açyp görkezýän täsin çeperçilik önümleri türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän aýratynlyklarynyň biridir.
ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň maý aýynda geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklibi goldanylyp, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldamagynda bu guramanyň şanly seneleriniň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak hakyndaky hödürnama makullanyldy.
2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi», şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny, şunuň bilen birlikde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi, munuň özi medeni hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdi hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.
2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Hut şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi barada çözgüdiň yglan edilendigi buýsançly ýagdaýdyr.
Ýeri geleninde bellenilse, medeni we durmuş integrasiýasyna maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna häzirki wagtda dünýäniň ýüzden gowrak ýurdundan şäherleriň 350-si girýär. Bu özboluşly tor, esasan, «Senetçilik we folklor sungaty», «Dizaýn», «Film», «Aşhana», «Edebiýat», «Media sungaty», «Aýdym» ýaly 7 ugurda iş alyp barmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şäherleriň döredijilik we innowasion mümkinçiliklerini goldamak babatda umumy tagallalary açyp görkezýär.
Bütin dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde tanalýan Aşgabatda-da özboluşly binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýan täsin desgalar az däl. Şolaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip, abraýly halkara baýraklara mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Aslynda, paýtagt islendik ýurduň ýüzi, döwletiň hemmetaraplaýyn ösüşini, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini açyp görkezýän merkez hasaplanýar.
Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde gurama agza döwletleriň bilelikde gatnaşmagynda taýýarlanýan köptaraplaýyn hödürnamalara-da işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň we Gündogar döwletleriniň birnäçesiniň başlangyjy bilen, Nowruz baýramy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, özbegistanly kärdeşler bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde bu guramanyň «Adam we biosfera» maksatnamasynyň çäklerinde «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle hem halkymyzyň milli mirasy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny bu abraýly sanawa girizmek üçin hödürnamalary taýýarlamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň köptaraplaýyn hödürnamalara gatnaşmagy we öz başlangyjy bilen köptaraplaýyn hödürnamalary öňe sürmegi döwletimiziň ÝUNESKO-daky işjeňligini aýdyň alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Hyzmatdaşlyk diňe bir ýokarda agzalanlar bilen çäklenmän, eýsem, guramanyň maksatnamalaryna laýyklykda, beýleki ugurlary-da öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary bolan sanly tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, halkara sport hyzmatdaşlygy we statistika boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler ýola goýulýar.
Edaranyň ady: Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary
Salgysy: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 81-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 94-30-67
Faks belgisi: +993 (12) 94-30-67
Web-saýt salgysy: http://unesco.gov.tm
E-poçta salgysy: unesco_tm@unesco.gov.tm
Iş tertibi:
Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 6, 16, 18, 28, 29, 33, 38, 46, 52, 58, 66, 77, 128, 129
Ugur almak üçin bellik: Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta