Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy



Tutuş Ýer ýüzünde çagalaryň hukuklaryny ilerletmek maksady bilen, 1946-njy ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda çagalaryň­dyr ýaş raýatlaryň goraglylygyny, sagdynlygyny we bilimliligini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýar. Gurama­nyň işgärleri her gün Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde töwekgelçilikli ýagdaýlara sezewar bolýan çagalardyr ýaşlara kö­mek etmäge çalyşýarlar. Olaryň ömrü­ni halas etmek, hukuklaryny goramak, howpsuz, sagdyn, bilimli bolar ýaly, olara hakyky çagalygy sowgat bermek üçin işleýärler. Her bir çaganyň howpsuz, üns-­alada, hormat hem goraglylyk bilen gurşalan gurşaw­da ýaşamaga hukugy bardyr.


Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk öz gözbaşyny 1994-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda ÝUNISEF halkara guramalaryň ilkinjileriniň hatarynda öz wekilliginiň işini ýola goýdy. Şondan bäri hem ýurduň milli gün tertibinde çagalaryň hukuklaryny goramak ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasy bolsa Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamynda goşulan ilkinji resminamalarynyň biridir. Çaganyň hukuklaryny goramaga ygrarlylygy hem soň­ky 30 ýyl döwrüň dowamynda ýurtda çagalar we olaryň maşgalalary üçin möhüm sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi.


1994-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda 1995 — 1999-njy ýyllara niýetlenen ýurt boýunça ilkinji maksatnama gol çekildi. Onda, esasan, çagalardyr zenanlaryň ýaşaýyş we ösüş derejesini, goraglylygyny ýokarlandyrmaga üns berildi. 1995-nji ýylda ýurtda ilkinji gezek köp görkezijiler boýunça klaster der­ňewleri geçirilip, onda çagalardyr maşgalalara aýratyn ähmiýet berlip, öý hojalyklarynda gözegçilik işleri alnyp baryldy. Munuň özi maglumatlar boýunça uzak möhletleýin özara hyzmatdaşlygyň başyny başlap, 2006-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda hem bu ugurdaky çäreleri guramaga mümkinçilik berdi. 2000-nji ýylda bolsa ÝUNISEF-iň goldamagynda Türkmenistanda ilkinji gezek umumymilli lukmançylyk-demografik der­ňewi geçirildi.


Ýurduň Hökümeti 2002-nji ýylda guramanyň ýardam bermeginde suw üpjünçiligini we sanitariýany diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça täze çäräni guramak başlangyjyny öňe sürdi. Şondan bir ýyl soň­ra, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ÝUNISEF Daşoguz welaýatynda degişli taslamany amala aşyrmaga girişip, hemmeler üçin howpsuz we durnukly suw üpjünçilik hyzmatlaryny elýeterli etmegiň «Ýol kartasyny» işläp taýýarlady. 2004-nji ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde duzy ýodlaşdyrmagy başaran ilkinji ýurt boldy. 2005-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasynda degişli resminama tassyklanyp, onda hemmeler üçin inklýuziw bilim ulgamynda geljekki hyzmatdaşlygyň, mekdeplerde çagalar üçin oňaýly şertleri döretmegiň ugurlary öz beýanyny tapdy. ÝUNISEF ýurduň çägindäki köp sanly mekdeplerde ýola goýlan «Çaga mähirli garaýan mekdep» çemeleşmesi arkaly öz maksatnamalaryny ýokary hilli bilimi üpjün etmäge gönükdirdi. 


Gurama bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny berkitmekde hem ýokary sepgitlere ýetmegi başardy. 2005-nji ýylda BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça konwensiýalarynyň fakultatiw protokollarynyň 2-siniň tassyklanylmagyny, çaganyň zähmeti, çagalaryň hukuklaryny kepillendirmek hakynda ýurtda kabul edilen kanunlary mu­ňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky immunizasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk 1994-nji ýylda ýola goýlup, şonda ýurduň Hökümeti «Waksinalar boýunça garaşsyzlyk başlangyjy» diýlip atlandyrylýan ylalaşyga goşuldy. 2006-njy ýyldan bäri zerur bolan enjamlaryň hem-de waksinalaryň satyn alynmagy tutuşlygyna ýurduň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär, ÝUNISEF bolsa olary satyn almakda hyzmatlary hödürleýär. Çagalar gaznasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda 2019-njy ýylda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa işlenip taýýarlanyldy. 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji ge­ňeşiniň 2018 — 2020-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy we onuň çäklerinde çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda alnyp barylýan işleriň depgini has-da güýçlendirildi.


Her ýylyň 1-­nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda­da baýram edilýär. Ol diňe bir tomusky dynç alyş möwsüminiň başlangyjy bolman, çagalaryň geljegi babatda has möhüm ähmiýete eýedir. Şunda ilkinji gezek 1950-­nji ýylda bellenilip başlanan Çagalary goramak gününiň iň irki halkara baýramlaryň bi­ridigini nygtamak gerek. Bu sene çagalaryň hukuklaryny has-­da ilerletmäge mümkinçilikdir.


Edaranyň ady: Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 21-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-83-52


Faks belgisi: +993 (12) 48-83-50


Web-saýt salgysy: https://www.unicef.org/turkmenistan


E-poçta salgysy: ashgabat@unisef.org


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 103, 105, 142  


Ugur almak üçin bellik: Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner