Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy


Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu halkara abraýly gurama tarapyndan milli saglyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň saglyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň kepilidir. Birleşen Milletler Guramasynyň düzümindäki Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde esaslandyrylýar. Türkmenistan gurama 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda agzalyga kabul edildi. Geçen otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bilelikde kabul edilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek babatynda hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Munuň netijesinde ençeme wezipeler durmuşa geçirildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy maksady ähli dünýä halklarynyň sagdyn ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr. Bütindünýä saglyk gününde-de Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň saglygyny goramagyň möhüm wezipelerini durmuşa geçirmegiň meselelerine uly ähmiýet berilýär. Gurama her ýylyň 7-nji aprelinde dünýäde ynsanlaryň umumy saglyk ýagdaýy, saglygy goraýşyň şertleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Maglumatda dünýä boýunça çagalaryň saglygy, ýokanç däl keseller, psihiki saglyk we daşky gurşaw, saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikleri ýaly ugurlar boýunça giňişleýin bellenilýär. Guramanyň baş maksady adamlaryň saglygyny goramak baradaky tagallalary goldamak, bu babatda özara tejribe alyşmagy ýola goýmak ýaly möhüm ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär.


Türkmenistan döwleti dünýäniň halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagynda häzirki wagtda ählumumy wajyp meseleleri çözmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär.


Häzirki wagtda ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak bilen ählumumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Şeýle hem halkara hukugynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, öz üstüne alan we halkara borçnamalarynyň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.


Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ähli döwletleriň adam saglygyny we saglygy goraýyş ulgamyndaky bähbitleri nazara almak bilen, sagdyn durmuşy ornaşdyrmak we ony ösdürmek boýunça işleri alyp barýan halkara gurama bolup durýar. Bu gurama 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde esaslandyrylyp, 194 döwleti özüne birleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu guramanyň maksady, ähli halklar tarapyndan saglygyň mümkin bolan ýokary derejesini gazanmak bolup durýar.


Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen 30 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň dowamynda Diýarymyzyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, birnäçe howply ýokanç keselleri doly aradan aýyrmakda we lukmançylyk ylmynda dünýäniň täze öňdebaryjy tejribeleriniň hem-de ugurlarynyň özleşdirilmeginde düýpli ösüşler gazanyldy. Şeýle hem döwletimiz bu gurama we guramanyň düzümleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy barha belende galdyrmakda, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.


Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günümizden bäri halkymyzyň saglygy, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde ägirt uly işler bitirilip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga hukugynyň kepillendirilmegi raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde mümkinçiliklere ýol açdy. Şeýle hem ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagy düýpli özgertmek, keselleri bejermegiň, olaryň öňüni almagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürmek, keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmek, şonuň ýaly-da, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek ýaly işlerde uly üstünlikler gazanyldy.


Netije­-de, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Maksatnamalarda dürli keselleriň öňüni almak, öz wagtynda ýüze çykarmak, bejermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini we hilini gazanmak, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmak, lukmanlaryň hünär derejelerini, bilimlerini artdyrmak boýunça wezipeler, şeýle-de aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde işi ulgamlaýyn guramak maksady bilen, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi, uly ugurlary kesgitlenildi.


Häzirki döwürde ýurdumyzda BSGG-niň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylyk nazara alnyp, birnäçe wajyp maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Häzirki wagtda keselleriň öňüni almak hem-de adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, Türkmenistanda azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik edilýär, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» saglygy berkitmäge hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy saglygy goraýyş ulgamyn­da keselleriň öňüni almak babatda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça wezipeleri çözmekde, pudagara gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň tagallalaryny goldaýar.


Türkmenistan halkyň saglygy baradaky aladany örän ýokary orunda goýýan döwletdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine berilýän üns halkara derejelerinde ykrar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda her ýylyň 3-nji iýuny — Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edildi. Bu bolsa Watanymyzyň sagdynlygyň mekany hökmünde dabaralanýan öňdebaryjy döwletleriň hataryndadygynyň aýdyň subutnamasydyr.


Edaranyň ady: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 21-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-83-93


Faks belgisi: +993 (12) 48-83-93


Web-saýt salgysy: www.euro.who.int


E-poçta salgysy: eurowhotkm@who.int


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 103, 105, 142  


Ugur almak üçin bellik: Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner