Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasy
Türkmenistan döwleti Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (mundan beýläk – CAREC Maksatnamasynyň) esas goýujy ýörelgelerini we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary bütinligine goldaýar. 2018-nji ýyl CAREC Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň başlanýan birinji ýylydyr, onuň esasy maksady bolsa sebitiň we sebitiň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamaga ýardam etmekden ybaratdyr. Şeýle hem CAREC Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň möhüm wezipesi Durnukly ösüş maksatlaryna agza ýurtlar tarapyndan Pariž ylalaşygyna laýyklykda, howanyň üýtgemegi boýunça maksatlaýyn görkezijileriň gazanylmagy bolup durýar. Bu abraýly maksatnama energetika, söwda, gümrük meseleleri, ulag, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri ösdürmek, adam ösüşi – saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. CAREC Maksatnamasynyň milli utgaşdyryjylary we köptaraplaýyn hyzmatdaş guramalary – Aziýanyň ösüş banky, CAREC-iň instituty, Ýewropada täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bolup durýar.
Biziň ýurdumyzyň CAREC Maksatnamasyna agza bolmagy sebit we halkara hyzmatdaşlygy arkaly türkmen ykdysadyýetiniň goňşy ýurtlaryň we gyzyklanýan döwletleriň ählisiniň ykdysadyýeti bilen goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany «ýedi ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar, onuň üstünden köp sanly kerwen ýollary geçip, olar Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň söwda we medeni aragatnaşyklarynyň ýollary bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň Hökümeti Merkezi Aziýanyň ýurtlary hem-de sebitiň beýleki ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýär.
Häzirki döwrüň ählumumy wehimleri ähli ýurtlara we sebitlere göni täsir edýär, durmuş-ykdysady ösüşe düýpli täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem ösüş maksatlarynyň umumylygyny goldamak, häzirki howplara we wehimlere bilelikde garşy durmak we CAREC Maksatnamasyna girýän döwletleri ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak bilen, täze maksatlary, şol sanda 2030-yň Gün tertibiniň maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen, uzak möhletli geljekde hyzmatdaşlygyň nusgalaryny işläp taýýarlamak amala aşyrylýar.
Goşulyşmak ugurlarynyň biri hem söwda ýardam etmek bolup durýar, söwda biziň döwletlerimiziň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga hemaýat edýär, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak mümkinçiligini giňeldýär. Bu ýerde sebitleýin söwdada hyzmatdaşlygy ösdürmek, dolandyryş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny ýakynlaşdyrmak boýunça örän uly mümkinçilikler bar. Bularyň ählisi geljekde amatly maýa goýum ýagdaýyny we telekeçiler üçin mümkinçilikleriň giňelmegini üpjün eder. Mundan başga-da, sebitde söwda hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi garyplygy azaltmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin berk maddy esasy döreder.
Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde ulag taslamalaryny meýilnamalaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. CAREC Maksatnamasynyň alty geçelgesiniň ikisi biziň döwletimiziň üstünden geçýär, olar ýurduň günbatara — Azerbaýjan Respublikasynyň üstünden Türkiýä we Ýewropa, şeýle hem gündogara — Hytaý Halk Respublikasyna, demirgazyga — Gazagystana we Russiýa Federasiýasyna, şonuň ýaly-da, günorta — Arabystan deňzindäki Karaçi we Gwador deňiz menzillerine çykmagyny üpjün edýär. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak we kämil ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek biziň döwletlerimize degişli ulag-üstaşyr we kommunikasiýa ulgamlary arkaly halkara aragatnaşyga üstünlikli goşulyşmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan — Owganystan — Päkistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň CAREC Maksatnamasyna agza döwletler üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu gaz geçiriji ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar, energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder we tutuş sebitiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üçin kuwwatly esas bolar.
Saglygy goraýyş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli CAREC strategiýasy