Türkmenistana gowşurylan halkara derejesindäki güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar
Keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejesinde ykrar edildi. Bu ugurda gazanylan üstünliklere Türkmenistana gowşurylan şu güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär:
1) 2000-nji ýylda ýokanç deri (drakunkulýoz) keseliniň ýok edilendigi baradaky halkara güwanamasy;
2) 2002-nji ýylda poliomiýelit keseliniň ýok edilendigi baradaky halkara güwanamasy;
3) 2004-nji ýylda Türkmenistanda duzuň ähliumumy ýodlaşdyrylmagynyň gazanylandygy baradaky halkara güwanamasy we Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň hem-de Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji, Ýer ýüzünde dördünji bolup duzy halkara ölçeglerine laýyklykda ýodlaşdyrmagy üpjün edýän ýurt hökmünde ykrar edildi;
4) 2010-njy ýylda gyzzyrma keseliniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamasy;
5) 2011-nji ýylda ýokumy demir we foliý turşusy bilen güýçlendirilen unuň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly halkara sylagy;
6) 2016-njy ýylda gyzamyk we gyzylja keselleriň eliminasiýasyny tassyklamak boýunça Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň güwänamasy;
7) 2019-njy ýylda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ägirt işleriň amala aşyrylandygyny göz öňünde tutup, berlen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hormat haty;
8) 2019-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNISEF-iň) Türkmenistandaky wekili tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän, immunizasiýa Milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurtda çagalaryň arasynda sanjym işleriniň geçirilmeginiň ýokary görkezijileriniň saklanylýandygy baradaky sylagy;
9) 2019-njy ýylda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça Milli merkez diýlen derejesiniň berilmegi.
Birleşen Milletler Guramasynyň geçiren statistiki maglumatlarynyň netijesine görä Türkmenistan enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edildi. BMG-niň 2019-njy ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biri boldy.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyz saglygy goraýyşda we ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ösüşlere ýetdi. Döwletimiz tarapyndan ýokanç keseller boýunça keselçiligiň öňüni almak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan möhüm çäreler özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek bolup durýar. Maşgala lukmançylygynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýaş çagalar we eneler, aýratyn hem bir ýaşa çenli çagalar uly alada bilen gurşalandyr. Sanjymlaryň we beýleki öňüni alyş çäreleriň wagtynda geçirilmegine pugta gözegçilik ýola goýlandyr. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili we netijeliligi hasda ýokarlandyryldy. Ulgamda esasy üns keselleriň öňüni almaga hem-de milli saglygy goraýşy dünýä derejesine çykarmaga gönükdirildi.
Keseliň öňüni alyş sanjymlary döwletimiz tarapyndan adamyň saglygy üçin edilýän köptaraplaýyn aladalaryň biridir. Döwlet tarapyndan keselleriň öňüni alyş sanjymlary ýokary hilli bolup, her bir raýaty gurşalyp alynýar we milli tertibe laýyklykda, ilata öňüni alyş sanjymlary mugt geçirilýär. Netijede, çagalaryň arasynda duş gelýän ýokanç keselleriň käbirleri düýbünden ýok edildi.
Ýurdumyzda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda, sanjymlaryň talabalaýyk geçirilmeginiň netijesinde, 1997-nji ýyldan bäri Türkmenistan boýunça poliomiýelit keseli ýüze çykarylmady. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan 2000-nji ýylda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy halkara derejesinde ykrar edildi hemde ýurdumyz gyzzyrma keselini doly ýok eden ýurtlaryň sanawyna goşuldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda waksina bilen ýokanç keselleriň öňüni almak iň ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan Türkmenistana 2000-nji ýylda ýurdumyzyň drakunkulýoz keselinden azat edilenligi hemde 2002-nji ýylda poliomiýelit keseliniň ýabany wirusynyň aýlanyşygyndan azatlygy hakynda halkara güwanama gowşuryldy. Öňüni alyş sanjym çäresine raýatlaryň köpçülikleýin çekilmegi, şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasy, Çagalar gaznasy we beýleki halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde hem-de bu ugurda ýokary hilli çäreleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy mynasybetli, Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri gyzamyk we gyzylja bilen kesellän ýekeje adamyň hem hasaba alynmanlygy sebäpli, 2010-njy ýylda gyzzyrma keseliniň, 2012-nji ýylda Türkmenistanda soňky ýyllaryň dowamynda gyzamyk we gyzylja keselleriniň hasaba alynmandygyny tassyklaýan halkara resminamasy gowşuryldy. Öňüni alyş sanjymlary geçirilmedik ýagdaýynda çaga ýokanç kesellere (ysmaz, gyzamyk, gyzylja, täjihoraz we beýleki kesellere) duçar bolmagy mümkin. Bu keseller çaga bedeninde dürli gaýra üzülmelere, hatda bütin ömrüne maýyplyga, kähalatda ölüme sezewar edip biler. Täze dünýä inen çagalara çaga dogrulýan öýden başlap, milli tertibe laýyklykda, 25 ýaşyna çenli dürli ýokançly infeksiýa garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek mümkin bolan howply kesellerden ähli ýaşdaky adamlary goramaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, her bir ata-ene çagalarynyň saglygy üçin öz wagtynda keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almaga borçludyr. Çaganyň nirede, haçan we nähili ýygylykda sanjym almalydygy hakynda maşgala agzalarynyň hemmesiniň bilmegi zerurdyr.
Maşgala lukmany ata-eneleri ýarawsyz ýa-da ösüşden galýan çagalary üçin sanjymlaryň howpsuz görnüşleri barada habarly etmelidir. Öňüni alyş sanjymlary geçirilende, maşgala lukmany öz gözükdirijisinde bar bolan garşy görkezmelere hökmany salgylanmalydyr.
Saglygy goraýyş ulgamy diňe bir keseli bejermek däl-de, ilki bilen keseliň öňüni almakdyr. Şunda, esasan, keseli döredýän täsirli sebäpleriň (faktorlaryň) öňüni almak baş wezipe bolup durýar. Türkmenistan raýatlarymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzda ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak babatda alyp barýan işleri üçin 2004-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda we Merkezi Aziýada ilkinji bolup, dünýäde 4-nji bolup, kabul edilen halkara standartlaryna laýyklykda, nahar duzuny ýodlaşdyrmak boýunça halkara güwänamasyna eýe boldy. Nahar duzuny ýodlaşdyrmak bilen, adam bedeninde ýod ýetmezçiliginden ýüze çykýan keselleri aradan aýyrmak ýaly möhüm wezipeler üstünlikli çözüldi. Şeýlelikde, döwletimizde ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselçiligiň, çagalaryň boý we akyl taýdan ösüşiniň yza galmagyny, galkan şekilli mäziň keselçiliginiň öňi alyndy diýsek ýalňyşmarys. Ýurdumyzda ilatyň peýdalanýan nahar duzy dolulykda ýodlaşdyrylandyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ganazlyk keseline garşy göreşmek boýunça milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmengalla önümleri» Assosiasiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň un kärhanalarynda öndürilýän 1-nji hilli un önümleri demir bilen baýlaşdyrylýar, ýagny rençlendirilýär. 2008-nji ýyldan bäri bolsa ýurdumyzyň un öndürýän kärhanalarynyň ählisinde foliý turşusy we demir garnuwly un önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Ýod ýetmezçiligini we ganazlyk kesellerini aradan aýyrmak üçin nahar duzunyň ýodlaşdyrylandygy, un kärhanalarynyň ählisinde demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylan — rençlendirilen 1-nji hilli bugdaý ununyň öndürilýänligi 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi.
Ýurdumyzyň lukmanlarynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alyp barýan işleriniň netijesinde, raýatlar öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça çärelere köpçülikleýin çekilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy we beýleki halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edilmegi hem-de bu ugurda ýokary hilli çäreleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy we dowam etdirilmegi netijesinde, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýene-de ençeme halkara güwänamalaryna mynasyp bolar diýip ynam bilen aýdyp bolar.