Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara okuw-ylmy merkezi

Ýurdumyzda lukmançylygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministr­liginiň Halkara okuw-­ylmy merkezine hem uly orun degişlidir. Bu merkez Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäk­lerinde 2015-nji ýylda döredildi. Halkara okuw­-ylmy merkeziniň düzüminde ylmy­-barlag barlaghanalary, ýokary ýöriteleşdirilen simulýasi­on-­türgenleşik bölümi, barlag we seljeriş ylmy bölümi işleýär. Merkez anyklaýyş, ylmy­-barlag hem­-de bilim bermek işlerini ýerine ýetirýär we bu ugurlarda uly üstünlikleri gazanýar.

​

Merkeziň barlaghanalarynda ylmy-­barlag işleriniň köp san­lysy alnyp barylýar. Halk bähbitli lukmançylyk işleriniň çäginde molekulýar­-genetik ylmy-­anyklaýyş barlaghanasynda kesellere bolan genetik meýilliligiň barlaglary we anyklaýyş işleri amal edilýär. Barlaghanada sportuň dürli görnüşleri bilen meşgul­lanmagyň meýilleri bilen baglanyşykly molekulýar­-genetik mar­kerleri ýüze çykarmak boýunça ýaş türgenleriň saglyk-­genetik barlaglary geçirilýär. Bu barlagyň esasynda sportuň aýry­-aýry görnüşlerinde çydamlylygyň hem­-de çalasynlygyň, güýjüň has wajyp genetik markerleri giňden öwrenilýär.

​

Sitogenetik ylmy­-anyklaýyş barlaghanasy tarapyndan patolo­giýanyň dogabitdi görnüşleri — nesil yzarlaýan hromosom kesel­leri ugry boýunça ylmy-­barlag we anyklaýyş işleri alnyp barylýar. Mikrobiologiýa ylmy­-anyklaýyş barlaghanasynda häzirki zaman halkara ülňülerine laýyk gelýän mikrobedenleri anyklamak, olara duýgur antibiotikleri saýlap almak, dürli mikrobedenleriň derma­na durnuklylygyny öwrenmek bilen, öýjük we gumoral immunite­tiň görkezijileriniň barlaglary ýerine ýetirilýär. Biohimiýa we ge­matologiýa ylmy­-anyklaýyş barlaghanasynda adam bedeniniň biohimiki çalşyklarynyň, gormonlaryň we biologik işjeň maddala­ryň, gan uýamasynyň barlaglary ýerine ýetirilýär. Barlaghanada «Fadiatop» skrining barlagy esasynda tozga, azyk, haýwan we kömelek allergenlerine duýgurlygyň allergologik derňewleri geçi­rilýär. Şeýle­de gepatitiň, ulgamlaýyn kollagenozlaryň we beýleki keselleriň immunologiýa barlaglary ýerine ýetirilýär.

​

Merkeziň okuw­-simulýasion bölümi häzirki zaman enjamla­ry bilen enjamlaşdyrylan trenažýor-­simulýasiýa otaglaryny öz içine alýar. Bu bölümde häzirki zaman trenažýorlar bilen ro­bot-­simulýatorlary, wirtual­-simulýatorlary, türgenleşik otaglary, laparoskopiýa üçin lukmançylyk wideotürgenleşikleri ýaly dür­li enjamlar ornaşdyrylan. Trenažýorlarda, simulýatorlarda we «bio­bloklarda» manual (el bilen) işlemegi kämilleşdirýärler, narkoz bilen «mini­-piglerde» laparo, torako we beýleki endo­wideohirurgiýa operasiýalaryny ýerine ýetirmek üçin endowi­deohirurgiýa söýegleri bolan iki sany operasiýa otaglary bolup, onda lukmanlar dürli gurallar bilen işlemegiň usullaryny özleş­dirýärler we ösdürýärler.

​

Saglygy goraýşyň ösüşini döwrebaplaşdyrmagyň we dolan­dyrmagyň ylmy-­usulyýet üpjünçiligi barlag we seljeriş ylmy bö­lüminiň esasy wezipesidir. Bölümiň hünärmenleri lukmançylygy sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyna — saglygy goraý­şyň maglumat ulgamyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar. 

​

Umuman, merkeziň esasy wezipesi lukmanlaryň hünär ussat­lygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglarda ýüze çykyp biljek howp­lary azaltmaga ýardam edýän endikleri we başarnyklary ösdür­mekden, hünärmenlere toparda işlemegi öwretmekden ybaratdyr. Merkeziň milli saglygy goraýyş ulgamynda ylmy barlaglaryň neti­jelerini amaly saglygy goraýşa ornaşdyrmak işleri giň göwrümli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.


Edaranyň ady: Halkara okuw-ylmy merkezi

​

Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Professor Hans Maýsner şaýoly, 6-njy jaýy

​

Telefon belgisi: +993 (12) 48-71-80

​

Faks belgisi: +993 (12) 48-72-41

​

E-poçta salgysy: iesc@sanly.tm

​

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 142

​

Ugur almak üçin bellik: Halkara lukmançylyk merkezleri

​

Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

​

banner
banner
banner