Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti

Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti birnäçe ýyllar bäri halkymyza we daşary ýurtly raýatlaryna ýokary derejede hyzmat edip gelýär we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipelerini amala aşyrmaga, şol sanda ilatyň saglygyny goramaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga we keselleriň öňüni almaga, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge uly goşant goşýar. Müdiriýetiň düzüminde hereket edýän merkezlerde täze, ylmyň iň soňky gazanan kompýuter tehnologiýalarynyň, bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy, näsaglara dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň ähli hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär. Müdiriýetiň düzüminde 9 merkez bolup, olar 140 orunlyk Halkara kardiologiýa merkezinden, 100 orunlyk Halkara «Ene mähri» merkezinden, 300 orunlyk Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinden, 100 orunlyk Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinden, 120 orunlyk Göz kesellerini bejeriş halkara merkezinden, 100 orunlyk Halkara iç keselleri merkezinden, 120 orunlyk Halkara newrologiýa merkezinden, Halkara saglygy goraýyş anyklaýyş merkezinden we Stomatologiýa merkezinden ybaratdyr. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň dolandyryş merkezi Halkara kardiologiýa merkezinde ýerleşýär.


Müdiriýetiň düzümine girýän merkezleriň her biri hakynda aýra­tynlykda aýdylanda, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi ýurdumyzda köpugurly döwrebap saglygy goraýyş merkezidir. Merkez endokrinologiýa we hirurgiýa toplumlaryny özüne birikdirip, onuň esasy wezipesi endokrin we hirurgiki keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybarat bolup durýar. Merkezde bejergi ygtybarly we iň täze usullar arkaly amala aşyrylýar. Sebitde ýeke-­täk bolan bu merkez häzirki zaman lukmançylyk enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün edilip, halkara kadalaryna doly laýyk gelýär.


Paýtagtymyzdaky Halkara newrologiýa merkezi hem halkyň saglygyny goramak babatynda döwletimiz tarapyndan iň bir döwrebap şertleriň döredilýändiginden aýdyň nyşandyr. Ajaýyp binaly Halkara newrologiýa merkezinde nerw keselleriniň öňüni almak, nerw kesellerini netijeli bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigini buýsanç bilen bellemek gerek. Merkez dünýäniň iň öňde baryjy lukmançylyk önümlerini öndürijileriň enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Bu ýerde zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri hünär ussatlygyny kämilleşdirmek babatynda yzygiderli okuw-tejribe taýýarlyklaryny geçýärler.


Türkmen halkynyň nesil dowamatynyň, aýal-gyzlaryň, eneleriň saglygyny goramaga niýetlenen uly we döwrebap merkezleriň biri-de, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara «Ene mähri» merkezidir. Merkez enelere we çagalara iň ýokary hilli hyzmatlary bermek üçin niýetlenip, onda gaýra üzülmeleri bolan we çylşyrymly ýagdaý ýüze çykan göwrelilere kömek bermäge hemme şertler döredilendir.


Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi hem ähli ugur­lar boýunça lukmançylygyň iň öňdebaryjy gazanan­laryna laýyk gelmek bilen saglygy goraýyş babatynda uly üstünliklere eýedir. Häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary bilen doly üpjün edilen bu halkara merkezde ýokary hünär derejeli lukmanlar tarapyndan gulak, burun, bokurdak, äň­-ýüz, göz, neýrohirurgiýa, newrologiýa keselleri bilen ýüz tutýan ildeşlerimiziň we daşary ýurtly raýatlaryň saglyk ýagdaýlaryny kesgitlemek, bejermek işleri döwrebap derejede ýola goýlandyr. Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde masla­hat beriş, keseli anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, angionewrologiýa, operasion we sterilizasion, intensiw bejeriş, fiziobejeriş, barlaghana, otorinolaringologiýa, äň-­ýüz hirurgiýa, neýrohirurgiýa, oftalmologiýa bölümleriniň bolmagy näsaglary biynjalyk edýän kesel alamatlaryny hemmetaraplaýyn seljerip, anyklap, bejergi bellemäge giň mümkinçi­likleri döredýär.


Häzirki wagtda, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine täze goşuljak 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy hem ýokary derejede alnyp barylýar we onuň 2026-njy ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.

Edaranyň ady: Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Professor Hans Maýsner şaýoly, 30-njy jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-72-10


Faks belgisi: +993 (12) 48-86-60


E-poçta salgysy: direction.med.centers@sanly.tm

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 142


Ugur almak üçin bellik: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner