Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkezi

Türkmen halkynyň nesil dowamatynyň, aýal-gyzlaryň, eneleriň saglygyny goramaga niýetlenen şeýle uly we döwrebap merkezleriň biri-de, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara «Ene mähri» merkezidir. Häzirki wagtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän «Ene mähri» merkezleri diýarymyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem gurlup ulanylmaga berildi. Ýurdumyzda döwlet derejesinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda möhüm meseleleri ýerine ýetirmäge niýetlenen, ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutulan «Ene mähri» merkezleriniň ulgamy döredi.


Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkezi enelere we çagalara iň ýokary hilli hyzmatlary bermek üçin niýetlenendir. Merkezde gaýra üzülmeleri bolan we çylşyrymly ýagdaý ýüze çykan göwrelilere kömek bermäge hemme şertler döredilendir. Merkez birnäçe bölümden ybarat bolup, olar dünýäniň belli öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen. Bu ýerde daşary ýurt döwletleriniň öňdebaryjy merkezleriniň, hassahanalarynyň täze anyklaýyş, bejeriş usullaryny öwrenmek, tejribe alyşmak, gündelik iş durmuşymyzda ýüze çykýan lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça soraglar we özüne ünsi çekýän wakalar barada kärdeşlerimiz bilen pikir alyşmalar gurnalýar. Merkeziň hemme iş otaglarynda we bölümlerinde elektron resminamalar ulgamynyň işi ýola goýuldy.


Merkeziň maslahat beriş, anyklaýyş we fizioterapiýa bölüminde akuşer-ginekolog, pediatr, ginekolog-endokrinolog, mammolog, endokrinolog, terapewt, okulist, genetik, fizioterapewt, beýleki ugurlardan lukmanlar näsaglary kabul edýärler, maslahat berýärler. Şeýle hem bu ýerde adam bedenindäki dürli bozulmalary irki döwürde anyklamaga mümkinçilik berýän häzirki zaman barlaglarynyň dürli görnüşleri: rentgen, mammografiýa, ultrases, dopplerometriýa, spirografiýa, elektrokardiografiýa, ehokardiografiýa we başgada birnäçe barlaglar ýerine ýetirilýär. Funksional anyklaýyş hünärmenleri tarapyndan dürli ýaşdaky çagalarda, şol sanda ýaňy doglan bäbeklerde hem dürli barlaglar geçirilýär. Göwreli zenanlarda antenatal döwürde gözegçilik we dogruma taýýarlyk geçirilýär.


Bölümde zenanlarda süýt mäzleriniň we ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almakda uly işler alnyp barylýar. Süýt mäzleriniň ultrases, mammografiýa, punksiýa etmek, ýatgy boýunjygyndan bakterioskopiki, sitologiki we kolposkopiki barlagy, zerur bolan ýagdaýynda biopsiýa almak bilen gistologiki barlaglaryny geçirýärler. Ýatymlaýyn bejergi gerek bolan aýallar we göwreliler bolsa ginekologiýa, göwrelileriň patologiýasy bölümlerinde bejergi alýarlar.


«Tiz kömek» bölümi näsaglary kabul etmek, ýatymlaýyn bejergä ýerleşdirmek we zerur bolanda gaýragoýulmasyz kömek etmek üçin niýetlenen. Bu ýerde näsaglara gyssagly, ýokary netijeli lukmançylyk kömegini bermek üçin gözden geçiriş otagy, operasion, dogrumdan öňki we dogrum zaly, şeýle hem intensiw terapiýa otagy göz öňünde tutulan.


Nesil saglygy bölüminde birnäçe ugurdan ýokary derejeli hünärmenler (akuşer-ginekolog, androlog, embriolog, genetik) zähmet çekýärler. Olar önelgesizligiň ähli görnüşlerini bejermekde lukmançylyk tejribesinde bar bolan döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlardan we iň öňdebaryjy usullardan netijeli peýdalanýarlar. Bu bölümde ekstrakorporal tohumlanma (EKT), nesilden geçýän keselleriň irki anyklanylyşyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän genetiki barlaghanalar hereket edýär.


Adaty ekstrakorporal tohumlandyryş, spermatozoidleriň intrasitoplazmatik sanjymy, testikulýar dokumany goýbermek ýaly emeli tohumlandyrmanyň usullary, şeýle hem embrionyň ýatga geçirilmegi (implantasiýa) we ýatgyiçi inseminasiýa (spermatozoidi ýatgynyň içine goýbermek) ýaly önelgesizligiň lukmançylyk bejergisiniň netijeli usullary giňden ulanylýar. Bu bolsa ene bolmak bilen bagly şatlykly duýgulara eýe boljak ýüzlerçe maşgalalary bagtly etmäge mümkinçilik berýär. Genetik lukman tarapyndan alnan embrionlarda implantasiýadan öňki döwürde dürli genetiki bozulmalary ýüze çykarmak üçin hromosom näsazlyklaryny anyklamak, çaganyň jynsyny saýlamak usuly arkaly anyklaýyş geçirilýär. Genetiki barlaglar kariotipirlemek programmasy bilen üpjün edilen has döwrebap fluoressentli mikroskopyň kömegi bilen geçirilýär.


Merkeziň operatiw ginekologiýa bölüminde täze tehnologiýalaryň kömegi bilen laparoskopiýa we gisteroskopiýa usuly giňden ulanylýar. Tejribeli hirurg-ginekologlar has çylşyrymly akuşerçilik we ginekologik operasiýalary, şol sanda doga anomaliýalarda, täze döremelerde agzany gorap saklaýan, jyns agzalarynda rekonstruktiw-plastiki operasiýalary geçirýärler.


Endoskopiki hirurgiýanyň üstünlikleri we täze tehnologiýalaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde ornaşdyrylmagy näsaglaryň ýatymlaýyn bejergide bolmagynyň möhletini gysgaldýar, şeýle hem gaýra üzülmeleriň ýygylygyny peseldýär. Ýokary derejeli enjamlaryň, ussat hünärmenleriň bolmagy hirurgiki amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, diňe bir aýallaryň işe ukyplylygyny, saglygyny, önelge funksiýalaryny dikeltmän, eýsem, näsaglaryň ýaşaýşynyň hilini hem gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.


Perinatal kömegi berýän bölümleriň ýene biri hem göwrelileriň patologiýasy bölümi bolup durýar. Bölümde göwrelilikde ýüze çykan akuşerçilik gaýra üzülmeleri, ekstragenital keselleri bejermekde we dogruma taýýarlamakda BSGG-niň bilermenleri tarapyndan tassyklanan kliniki beýanlar, subut ediji lukmançylygyň ýörelgelerine esaslanan iň täze lukmançylyk tehnologiýalary esasynda:


• göwreliligi götermezligiň öňüni almak we bejermek;


• dowamly ýokanç däl keselli, şol sanda gestasion süýjüli diabetli göwrelileri endokrinolog, terapewt, kardiolog, hirurg we beýleki hünärmenler bilen bilelikde alyp barmak;


• ganyň rezus gapma-garşylygy bolan aýallara gözegçilik etmek;


• göwredäki çaganyň ösüşiniň saklanmak sindromyny netijeli bejermek;


• trombositopatiýaly, ganyň lagtalanyş ulgamynda üýtgemeler bar bolan gan keselli göwrelileri alyp barmak we aýallary dogruma taýýarlamak;


• göwrelileri ekstrakorporal tohumlanmadan (EKT) soňra alyp barmak;


• dogrumlara deslapky meýilnamalaýyn taýýarlyklar alnyp barylýar.


Merkeziň göwrelileriň patologiýasy we dogrum bölümlerinde göwredäki çaganyň ýagdaýyna baha bermekde netijeli usul bolan kardiotokografiýa (KTG), ýagny çaganyň ýürek urgusynyň ýygylygyna, ýatgynyň ýygryjylygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän enjam bilen barlag usuly ulanylýar. KTG ýazgysynyň esasy maksady göwrelilik döwründe ýa-da dogrum wagtynda fetal (göwredäki çaga) howp ýagdaýlaryny öz wagtynda bilmek bolup durýar. KTG arkaly gözegçilik etmegiň hasabyna dogrum wagtynda gaýra üzülmeler 50% azalýar.


Merkeziň çaga dogrum bölüminde adaty akuşerçiligiň däpleri bilen iň täze perinatal tehnologiýalary özünde jemleýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary berilýär. Dogrum wagtynda aýalyň we düwünçegiň ýagdaýy göz öňünde tutulyp, dürli görnüşde agyrysyzlandyrmalar ulanylýar. Bu bölümde wagtyndan ir dogrumlar hem alnyp barylýar. Ene ýa-da göwredäki çaga tarapyndan görkezme bar bolanda meýilleşdirilen we gyssagly kesar kesimi operasiýasy amala aşyrylýar.


Bäbekleriň patologiýasy we intensiw bejeriş bölüminde wagtyndan ir doglan ýetik däl çagalara, dürli näsazlykly täze doglan çagalara ýokary derejeli bejeriş, anyklaýyş kömegini bermek, az agramly çagalara ideg etmek maksady bilen hemme şertler bar.


Täze doglan bäbekleriň bejergisini saýlap almagyň differensirlenen çemeleşmesi perinatal patologiýaly çagalaryň dikeldiş (reabilitasiýa) möhletini gysgaldýar. Çaga doglandan başlap «ýylylyk zynjyrjygynyň» ähli düzgünleri ulanylýar.


Merkezde ähli täze doglan çagalara skrining barlagy geçirilýär:


• eşidişiň neonatal skriningi;


• ganyň düzüminde glýukozanyň möçberini barlamak;


• oftalmoskopiýa;


• deri üsti bilirubinometriýa.


Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin bölümlerde ýörite taýýarlanan otaglar işleýär, enelere dürli gollanmalar, görkeziji esbaplar hödürlenýär, saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär.


Barlaghanada ganyň umumy, biohimiki, immunologiki, gizlin ýokançlara, gormonlara, onkomarkýorlara, lagtalanyş ulgamynyň barlaglary, bakterioskopiki, sitologiki barlaglary geçirilýär.


Merkeziň lukmanlary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejeli ylmy-amaly maslahatlara, hünär kämilleşdiriş okuwlaryna işjeň gatnaşýarlar.


Merkezde birnäçe ylmy işler alnyp barylýar. «Gestasion diabet» boýunça halkara türkmen-german taslamasy gestasion diabetiň wajyplygyny kesgitlemek, onuň öňüni almak, bejermek we glýukoza tolerantlyk testini geçirmegi skrining barlag hökmünde ýurdumyzda ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu taslama göwreli aýallarda uglewod alyş-çalşygynyň bozulmalaryny ir ýüze çykarmaga, göwrelilik, dogrum wagty we täze doglan bäbeklerde uýgunlaşma döwrüniň gaýra üzülmeleriniň öňüni almaga gönükdirilendir.


Merkezde Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi bilen bilelikde täze doglan kemisli çagalaryň ömrüniň ilkinji günlerinde görüşiň patologiýasyny we onuň döremek howpuny anyklamak boýunça barlaglar geçirilýär. Şeýle hem merkezde göwrelilerde we bäbeklerde gipotireozy anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça uly işler alnyp barylýar.


Edaranyň ady: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkezi


Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, «Saglyk» (1970-nji) köçesi, 18-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 48-93-03, +993 (12) 48-93-05


Faks belgisi: 


E-poçta salgysy: 

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 103, 142 


Ugur almak üçin bellik: Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner